Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mika 6:4 - Mukaddes Kitap

4 Men sizi Müsürden çykardym, Gulçulykdan azat etdim, Size baş edip, Musany, Haruny we Merýemi iberdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Мен сизи Мүсүрден чыкардым, Гулчулыкдан азат этдим, Сизе баш эдип, Мусаны, Харуны ве Меръеми ибердим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mika 6:4
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri we olaryň hudaýlaryny olaryň öňünden kowup çykardyň.


Hawa, Ol gaýany ýaryp, suwlar çogdurdy, akarlary dolup-daşdyrdy, emma Öz halkyna çörek berip bilermi? Ony et bilen üpjün edip bilermi?»


Hut şol gün Reb ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden çykardy.


«Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.


Häzir bolsa Men seni Öz halkym bolan ysraýyllary Müsürden alyp gaýtmak üçin faraonyň ýanyna ibereýin» diýdi.


Emma Musa Rebbe: «Eý, Taňrym, Öz guluň bolan maňa geplemeziňden öňem, soňam hiç haçan men dilewar adam bolmadyk. Men gepe çeper däl, dilim tutuk ýaly» diýdi.


Saňa derek adamlar bilen Harun gepleşer. Ol seniň sözleýjiň bolar, sen bolsa onuň üçin Hudaý ýaly bolarsyň.


Ysraýyllary, Müsürden alyp gaýtmak üçin, Müsür patyşasy faraon bilen gepleşenler hem şular – Musa bilen Harundy.


Sen alamatlardyr mugjyzalar bilen, güýç-gudrat we äpet elhençlikleriň güýji bilen Öz halkyň Ysraýyly Müsür ýurdundan çykardyň.


Şeýle-de amor ýurduny eýelemegiňiz üçin, Men sizi Müsürden çykardym, çölde kyrk ýyllap ýol görkezdim.


Merýem bilen Harun Musanyň efiopiýaly aýala öýlenendigi üçin ýazgardylar. (Hakykatdanam Musanyň ikinji aýaly Efiopiýadandy.)


Musa bilen Harunyň ýolbaşçylygy astynda tireme-tire ýöreýän ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky düşlän düşelgeleri şulardyr.


Musa ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykdy. Ol Müsürde, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap mugjyzalar, gudratlar hem alamatlar görkezdi.


Müsürde özüňiziň hem gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyza salyň. Şol sebäpli bu gün men size bu buýrugy berýändirin.


Özüňiziň hem Müsürde gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyzdan çykarmaň. Şonuň üçin men size şeýle etmegi buýurýaryn.


Emma Reb sizi demir ojagy bolan Müsürden çykaryp getirip, görüp durşuňyz ýaly, sizi Özüniň saýlan aýratyn halky etdi.


Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?


„Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.


Munuň sebäbi Reb sizi söýdi we ata-babalaryňyza eden wadasynda durdy. Reb sizi Müsürden gudratly goly bilen çykaryp, onuň patyşasy faraonyň elinden – gulçulykdan azat etdi.


Men Rebbe ýüzlenip, şeýle dileg etdim: „Eý, Hökmürowan Reb, Öz saýlan aýratyn halkyňy ýok etme. Sen olary Öz beýikligiň bilen gulçulykdan azat edip, gudratly goluň bilen Müsürden çykaryp getirdiň.


Şamuwel sözüni dowam etdi: «Musany we Haruny bellän, ata-babalaryňyzy Müsürden alyp çykan Rebdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ