Iýerusalimiň büdreýändigi, Ýahudanyň ýykylýandygy üçin, Rebbiň şöhratly barlygyny äsgermän sözleriniň we edýän işleriniň Rebbe garşy bolandygy üçin şeýle bolar.
«Men Ysraýyla em etjek bolsam, Efraýymyň günäleri, Samariýanyň pislikleri aýan bolar. Çünki olar hile gurýarlar. Öýlere ogry girýär, köçede talaňçylyk edýärler.
Olaryň dat gününe! Çünki Menden daşlaşdylar. Bela insin başlaryna! Çünki Maňa garşy baş göterdiler. Men olary halas ederdim. Ýöne olar Men barada ýalan söz aýtdylar.
Reb şeýle diýýär: «Men Ýahudany günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki Rebbiň kanunyny ret etdiler, Onuň parzlaryny tutmadylar, ata-babalarynyň ýalan hudaýlaryň yzyna eýerişi ýaly indi bular-da olar bilen azdylar.