Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mika 5:6 - Mukaddes Kitap

6 Olar Aşur ýurduny gylyç bilen, Nimrody alawly gylyç bilen dolandyrarlar. Serhedimizden geçip, ýurdumyza girjek bolýan aşurlylardan halas ederler bizi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Олар Ашур юрдуны гылыч билен, Нимроды алавлы гылыч билен доландырарлар. Серхедимизден гечип, юрдумыза гирҗек болян ашурлылардан халас эдерлер бизи.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mika 5:6
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyl patyşasy Pekanyň döwründe Aşur patyşasy Tiglatpileser gelip, Yýony, Abelbeýtmagakany, Ýanowany, Kedeşi, Hasory, Gilgady, Jeliläni we tutuş Naftaly ýurduny basyp alyp, olaryň halklaryny Aşura ýesir edip äkitdi.


Kuşdan ýene Nimrot doguldy; ol ýer ýüzünde ilkinji edermen urşujydy.


Şonuň üçin hem, Reb Aşur patyşasynyň goşun serkerdelerini olaryň üstüne getirdi. Serkerdeler Manaşany gandallap, zynjyr bilen baglap, Babyla ýesir edip alyp gitdiler.


Sözümi soňlanymdan soň, meniň bilen dawalaşýan bolmazdy, sözlerim ýagyş damjalary kimin ýakymlydy olara.


Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


Şoňa görä tekepbirlikleri boýunlaryny monjuk kimin bezeýär, zulum olary eginbaş kimin büreýär.


Halklar ysraýyllary öz ýerlerine alyp gelerler. Ysraýyl halky Rebbiň beren ýurdunda başga halklary özlerine gul-gyrnak ederler; özlerini ýesir edenleri ýesir edip, özlerine zulum edenleriň üstünden agalyk sürerler.


Aşurlylary Öz ýurdumda syndyraryn, daglarymda olary aýak astyna alaryn; olaryň boýuntyrygy halkymdan aýrylar, ýükleri halkymyň gerdeninden düşüriler».


Özi weýran edilmän, weýran edýäniň, özüne dönüklik edilmän, dönüklik edýäniň dat gününe! Weýran edeniňden soň, özüňi-de weýran ederler; dönüklik etmegi bes edeniňde, saňa-da dönüklik ediler.


Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!


Aşur patyşasy Sanherip düşelgäni taşlap, öýüne gitdi. Ol Ninewä gelip, şol ýerde galdy.


halkyň ondan biri galsa-da, ýurt ýene-de ýakylar. Emma dagdan ýa-da dub çapylanda kökleriniň galyşy kimin, mukaddes nesil-de ýurtda kök kimin bolar».


Milletleriň butlarynyň arasynda ýagyş ýagdyryp bilýäni barmy? Asman çabga ýagdyryp bilermi? Muny diňe Sen edip bilýärsiň, ýa Beýik Hudaýymyz! Bularyň baryny edýän Sensiň. Sendedir umydymyz!


Arslanlaryň sürenine, ýaş arslanlaryň ýerine näme boldy? Arslanlaryň barýan, çaga arslanlaryň gorkusyz gezýän ýerine näme boldy?


Reb demirgazyga garşy el galdyrar, Aşury ýok eder, Ninewäni harabalyga, çöl deýin ýalazy meýdana öwrer.


Iýerusalimde pespäl, pukara adamlary aman galdyraryn, olar Maňa bil baglarlar.


Duşmanlarymyzyň elinden bizi halas etmäge, ömrümiz boýy huzurynda gorkusyz, mukaddeslik hem dogrulyk bilen gulluk etmäge mümkinçilik berdi.


Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi.


Taglymatym ýagyş deý ýagsyn, sözlerim çyg deý düşsün. Ýagsyn ot üstüne çisňeýän ýagmyr deý, maýsalaryň üstüne inýän çabga deý!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ