Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler, günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar: Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary hek daşlary deý owradylanda, ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.
Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.