Sen Öz halkyňy, ýagny Ýakubyň neslini terk etdiň. Olar gündogaryň palçylaryndan, piliştlileriňki ýaly müneçjimlerden doly, keseki halk bilen el berişýärler olar.
Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler, günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar: Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary hek daşlary deý owradylanda, ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.
Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,
Taňry Ýakubyň ähli mekanyny weýran etdi hiç rehimdarlyk etmedi. Ýahuda gyzynyň galalaryny ýykdy gahar-gazaby ýatmady. Patyşalygyny hem hökümdarlaryny masgaralap, ýer bilen ýegsan etdi.
Sen: „Goragsyz obalaryň garşysyna çykaýyn, dynç we howpsuz ýaşaýanlaryň üstüne döküleýin. Olaryň ýaşaýan ýerleriniň bary diwarsyz, ol ýerde kilt-de, gapy-da ýok“ diýersiň.
Halkyň arasynda uruş gopguny dörär. Şalmanyň söweş gününde Beýtarbeli weýran edip, eneler bala-çagalary bilen parçalanyşy ýaly, ähli galalaryň haraba öwrüler.
Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.