Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mika 4:13 - Mukaddes Kitap

13 Reb şeýle diýýär: «Eý, Sion gyzy! Tur, döwek döw! Şahyňy demirden, toýnaklaryňy bürünçden ederin Men. Onsoň sen köp halklary ezersiň. Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Реб шейле диййәр: «Эй, Сион гызы! Тур, дөвек дөв! Шахыңы демирден, тойнакларыңы бүрүнчден эдерин Мен. Онсоң сен көп халклары эзерсиң. Оларың әхли газананларыны, байлыкларыны Маңа – бүтин әлемиң Хөкүмдарына багыш эдерсиң».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mika 4:13
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Reb, men köňlümi Saňa göge göterýän.


Ýaşaýyş kitabyndan olaryň ady bozulsyn, olar dogrular bilen bile, goý, ýazylmasyn.


Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär, olaryň gepine gulak gabardýar.


Şol wagt ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millet, her ýana gorky saçan halk, haýbatly hem basybalyjy millet, Hökmürowan Rebbe, Hökmürowan Rebbiň adyny goýan ýere, Sion dagyna sowgatlar getirer.


Eý, harmanda döwlen, ýele sowrulan halkym! Hökmürowan Rebden, Ysraýylyň Hudaýyndan eşidenlerimdir, size aýan edýänim.


Onuň düşewündi, gazanjy Rebbe bagyş ediler. Bular hazynada toplanyp saklanmaz, ýöne ol gazançlar Rebbiň huzurynda ýaşaýanlar üçin bolelin azyga hem gözel eşiklere harç ediler.


Oklary ýitidir, ýaýlary-da dartylandyr, atlarynyň toýnaklary çakmakdaşa meňzeýär, arabalarynyň tigirleri tüweleýe.


«Sen Meniň gürzim – uruş ýaragymsyň, Men seniň bilen milletleri gyraryn, seniň bilen patyşalyklary weýran ederin.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Döwek wagty harman ýeri nähili tapbatlanýan bolsa, Babyl gyzy-da şeýle ediler. Ýene az salymdan onuň oruljak wagty geler.


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Efraýym harman döwmegi söýýän öwrendikli gölä meňzeýärdi. Men onuň owadan boýnuna boýuntyryk salmadym. Indi Efraýyma boýuntyryk salaryn. Ýahuda ýer sürer, Ýakup bolsa mala basar».


Ýakubyň neslinden aman galanlary köp halklaryň arasynda Rebbiň iberen çygy dek, ynsana garaşmaýan, adamzatdan çözülmeýän, ot üstüne ýagýan çabga dek bolarlar.


Ýer ýüzüne gazap bilen gadam basdyň, milletleri gahar bilen depelediň.


Şol gün Men Iýerusalimi ähli milletler üçin agyr daş ederin. Ony göterenleriň ählisi özlerine zeper ýetirer. Ýer ýüzüniň ähli milletleri birleşip, Iýerusalimiň garşysyna çykarlar.


Şol gün Men ýahuda baştutanlaryny oduň ortasynda ýanýan bir maňňal ýaly, bugdaý dessesiniň içinde alawlap ýanýan çyra ýaly ederin. Olar sag-solundaky halklaryň ählisini ýakyp-ýandyrarlar. Iýerusalim ýene-de özüniň öňki ýerinde oturar».


Ol: «Bular başyna ýag çalnyp saýlanyp, bütin ýer ýüzüniň Taňrysyna gulluk edýän iki kişidir» diýip jogap berdi.


Perişde: «Bular bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň huzuryndan çykýan gögüň dört ruhudyr.


Men ýanyňyza baranymda ýygnama zerurlygy bolmaz ýaly, heriňiz her hepdäniň birinji güni öz ýagdaýyna görä belli mukdarda pul süýşürip, ýanynda saklasyn.


Kiltleri demirden we bürünçden bolsun! Dyzynyň kuwwaty asla gaçmasyn!»


Şeýdip, adamlar gygyrdylar, ruhanylar surnaýlaryny çaldylar. Goşun surnaýlaryň sesini eşiden badyna şeýle bir uly şowhun turuzdy welin, galanyň diwarlary ýykyldy. Şol wagt goşun gala tarap okduryldy we ony basyp aldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ