Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mika 4:12 - Mukaddes Kitap

12 Emma Rebbiň pikirini bilmeýär olar, Onuň maksadyna-da düşünmeýärler. Harmanda döwüljek bugdaý desseleri deý jezalandyrmak üçin Reb olary bir ýere jemledi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эмма Реббиң пикирини билмейәр олар, Онуң максадына-да дүшүнмейәрлер. Харманда дөвүлҗек бугдай десселери дей җезаландырмак үчин Реб олары бир ере җемледи.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mika 4:12
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Aşur patyşasy beýle niýet edenok, beýle pikir etmeýär ol; ýüreginde köp milletleri gyrmak, köki-damary bilen ýok etmek küýündedir onuň.


Eý, harmanda döwlen, ýele sowrulan halkym! Hökmürowan Rebden, Ysraýylyň Hudaýyndan eşidenlerimdir, size aýan edýänim.


Ariýele garşy söweşýän ähli milletler, onuň we galalarynyň garşysyna söweşýänler, ony gysýanlar düýş kimin, gijeki görnüş kimin bolarlar.


«Meniň pikirlerim siziň pikirleriňiz däl, siziň ýollaryňyz Meniň ýollarym däl». Muny Reb aýdýandyr.


Çünki siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir.


«Sen Meniň gürzim – uruş ýaragymsyň, Men seniň bilen milletleri gyraryn, seniň bilen patyşalyklary weýran ederin.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Döwek wagty harman ýeri nähili tapbatlanýan bolsa, Babyl gyzy-da şeýle ediler. Ýene az salymdan onuň oruljak wagty geler.


Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler,


Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy ammaryna üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ