Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mika 4:10 - Mukaddes Kitap

10 Eý, Sion gyzy, dogurýan aýal ýaly agyryňy çekip, görgiňi gör. Çünki indi düzde ýaşarsyň sen, galadan çykyp, Babyla gidip, ol ýerde halas bolarsyň. Reb şol ýerde duşmandan halas eder seni.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эй, Сион гызы, догурян аял ялы агырыңы чекип, гөргиңи гөр. Чүнки инди дүзде яшарсың сен, галадан чыкып, Бабыла гидип, ол ерде халас боларсың. Реб шол ерде душмандан халас эдер сени.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mika 4:10
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň öz bagryňdan önen nesilleriň Babyla sürgün edilip, şol ýerde patyşanyň köşgünde agtalar bolarlar“».


Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykylypdy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gurşap alan bolsalar-da, Sidkiýa ähli esgerleri bilen gije patyşanyň bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Iordan deresine tarap gaçyp gitdiler.


Şonuň üçin hem, Reb Aşur patyşasynyň goşun serkerdelerini olaryň üstüne getirdi. Serkerdeler Manaşany gandallap, zynjyr bilen baglap, Babyla ýesir edip alyp gitdiler.


Babyl patyşasy gylyçdan aman galanlary Babyla ýesir edip äkitdi. Ýesir edilip äkidilenler Pars patyşalygy häkimiýet başyna geçýänçä, Babyl patyşasyna we onuň ogullaryna gul boldular.


Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: «Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi. Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, ýurduňyza dolanyň. Hudaýyňyz Reb size ýar bolsun!»


Olar garaňkylykda we tümlükde ýaşady, zynjyrlara, jebir-jepa baglandy.


Penakäriňiz, Ysraýylyň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Siziň hatyraňyza Babyla leşger ýollap, ähli babyllylary gaçgaklar hökmünde buýsanýan gämilerinde getirerin.


Kureşi dogrulyk bilen oýardym, bütin ýollaryny dogrularyn; Meniň şäherimi ol diker, ýesirlerimi tölegsiz, peşgeşsiz azat eder ol». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Babyldan çykyň, kesetlerden gaçyň, muny şatlykly owaz bilen aýan ediň, jar ediň, aňry çetine ýetsin zeminiň; «Reb bendesi Ýakuby azat etdi!» diýiň.


«Biliňdäki satyn alan guşagyňy al-da, Ýewfrat obasyna git. Ony ol ýerde bir gaýanyň jaýrygynda gizle».


Seni erbetleriň elinden azat ederin, rehimsizleriň penjesinden halas ederin».


Şonuň üçin hem, Iýerusalimden Babyla sürgün edilen baryňyz Men-Rebbiň sözüni diňläň“.


Men burgusy tutýan aýalyň sesini, ilkinji çagasyny dogurýanyň iňňildisini, ellerini uzadyp: «Waý halyma! Ganhorlaryň öňünde janym tapdan düşýär-le!» diýip, sojaýan Sion gyzynyň agysyny eşitdim.


Şäherler ele salnar, galalar basylyp alnar. Şol gün Mowabyň urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar.


Hamat ýurdunyň Ribla galasynda Babyl patyşasy olary öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan sürgün edildi.


Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.


Ol akylsyz oguldyr. Burgy azaby başlanda – wagty gelende, ol ýatgydan çykmaýar.


«Şonuň üçin häzir ony ynandyryp, çöle alyp bararyn, onuň ýüregini awlaryn.


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


Tä göwreli aýal dogurýança, duşmanlaryna tabşyrylar ysraýyl halky. Soňra onuň ýesir düşen doganlary Ysraýyl halkyna dolanarlar.


Aýala ýylanyň öňünden çöle, bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli iýmitlenjek ýerine uçup gaçar ýaly, uly bürgüdiň iki ganaty berildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ