Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mika 3:2 - Mukaddes Kitap

2 Siz ýagşylygy ýigrenip, ýamanlygy söýýärsiňiz, halkymyň hamyny soýup, süýeginden etini sypyrýarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Сиз ягшылыгы йигренип, яманлыгы сөййәрсиңиз, халкымың хамыны союп, сүегинден этини сыпырярсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mika 3:2
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahap Ylýasa: «Hä, duşmanym meni ahyry tapdyňmy?» diýdi. Ylýas oňa: «Hawa, men seni tapdym, çünki sen Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmäge ýüz urduň!


Hananynyň ogly Ýehu görgür Ýehoşapadyň öňünden çykyp, oňa: «Sen näme üçin ýamana ýardam edip, Rebbi ýigrenýänleri söýýäň? Şonuň üçin hem Rebbiň gazaby seniň başyňdan inendir.


Özge hudaýlara eýerýänler köpelder öz hasratyny; men guýmaryn olaryň guýýan ganly içgi sadakasyny, agzamaryn olaryň atlaryny.


Eý, Hudaý, meniň dogamy eşit, Sen agzymyň sözlerine gulak goý.


Kanuny bozýanlar erbetleri öwýändir, kanuny saklaýanlar bolsa olar bilen göreşýändir.


Halkymy ezip, garyplary ýere çalmaga näme hakyňyz bar?» Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Ýamana ýagşy, ýagşa ýaman diýýänleriň, zulmaty nur, nury zulmat saýýanlaryň, aja süýji, süýjä ajy diýýänleriň dat gününe!


Dogrulygyňyzy, işleriňizi aýan ederin, nepi degmez bularyň size.


Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siziň gylyçdan geçirip taşlanlaryňyz et, bu şäher bolsa gazandyr, emma siz onuň içinden çykarylarsyňyz.


Aralaryndaky ýolbaşçylary haram gazanç üçin gan dökmekde, adam janyny ýok etmekde awuny parçalaýan gurtlar kimindir.


Et böleklerini, ýagny but we döşüň oňat böleklerini onuň içine at. Ony saýlama omaçalardan doldur.


Siz ýag iýip, ýüňden eşik geýýärsiňiz; semiz goýunlar soýýarsyňyz, emma sürini bakmaýarsyňyz.


Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.


Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň, kazyýetde adalaty berkarar ediň. Belki şonda Reb Hökmürowan Hudaý Ýusubyň aman galanlaryna merhemet eder.


Emma siz halkymyň garşysyna duşman kimin aýaga galýarsyňyz. Söweşden gelýänleriň, asuda geçip barýanlaryň egninden donlaryny sypyrýarsyňyz.


Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar.


Pis işe türgendir elleri, hökümdarlar, kazylar para soraýarlar, güýçlüler arzuwyna zor bilen amal edýärler. Adalaty ýoýýarlar şeýdip.


Içindäki hökümdarlary arlaýan arslanlar ýalydyrlar. Kazylary daňdana deňeç ýeke süňk goýmaýan aç möjekler kimindirler.


Begzadanyň halky ony ýigrenýän eken. Olar: „Bu adamyň biziň üstümizden şalyk sürmegini islemeýäris“ diýip, onuň yzyndan ilçiler iberýärler.


Şonda olar: «Ony däl, bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar. Barabbas bolsa bir gozgalaňçydy.


Dünýä sizi ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, sebäbi Men onuň işleriniň erbetdigine şaýatlyk edýärin.


Olar Hudaýyň adalatly Kanunyna görä şeýle işleri edýänleriň ölüme mynasypdygyny bilseler-de, öz edýän işlerinde ilerleýärler. Munuň bilen çäklenmän, başgalaryň hem şeýle etmegini oňlaýarlar.


Söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn. Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň.


doňýürek, geçirimlilik etmeýän, myjabatçy, özüne erk edip bilmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ