Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mika 3:11 - Mukaddes Kitap

11 Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Онуң баштутанлары пара алып, хөкүм чыкарярлар, руханылары төлегли сапак берйәрлер, пыгамберлери пул үчин палчылык эдйәрлер. Шонда-да олар Реббе даянып: «Реб бизиң билендир! Башымыза хич бела гелмез» диййәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mika 3:11
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adalat ýodalaryny ýoýmak üçin, erbet adam gizlin para alýandyr.


Hökümdarlaryň pitneçä öwrüldiler, ogrulara şärikdir olar, ählisi para ýatdy, peşgeşleriň yzynda hallan atýarlar. Ýetimiň hukugyny goramaýarlar, dul hatynyň dawasyna garamaýarlar.


Özlerini mukaddes şäherden diýip, Ysraýyl Hudaýyna daýanýarlar olar; Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


para üçin günäkäri aklaýanlaryň, dogryny hakyndan mahrum edýänleriň dat gününe!


Doýanyny bilmeýän açgöz itlerdir olar. Olar düşünjesiz çopanlardyr; hersi öz ýoly bilen gidýär, her kes öz bähbidini araýar.


Olar Meni ýigrenýänlere hemişe ‘Reb size parahatlyk bolar diýdi’ diýýärler. Kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine eýerýänlere ‘Başyňyza betbagtlyk gelmez’ diýýärler.


Ruhanylar, pygamberler we ähli halk Rebbiň öýünde Ýermeýanyň aýdan bu sözlerini eşitdiler.


«Olar Rebbiň aýdanyny ret edip, şeýle diýdiler: „Ol hiç zat etmez. Bela-beter başymyzdan inmez, biz uruş ýa-da açlyk görmeris.


«Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes gün görýär hile bilen.


‘Bu Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy bu ýerde!’ diýen sözlere bil baglamaň.


Uludan-kiçä ählisi haram gazanjyň yşkynda, pygamberden ruhana çenli her kes hile bilen gün görýär. Şonuň üçin aýallaryny başgalara, melleklerini talaňçylara bererin.


Gan dökmek üçin seniň içiňde para aldylar; sen peýda we göterim aldyň, zorluk bilen goňşyňdan gazanç etdiň we Meni unutdyň. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Aralaryndaky ýolbaşçylary haram gazanç üçin gan dökmekde, adam janyny ýok etmekde awuny parçalaýan gurtlar kimindir.


«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl çopanlarynyň garşysyna pygamberlik et. Pygamberlik edip, olara, ýagny çopanlara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Özlerini bakyp ýören Ysraýyl çopanlarynyň halyna waý! Çopanlar sürini bakmaly dälmidir?


Olaryň serhoş oturylyşygy tamamlanandan soň, zyna işe geçýärler. Olaryň serdarlary masgaraçylygy söýýär.


Ruhanylar Meniň halkymyň günäsi bilen beslenip, olaryň köpräk etmiş etmegine jan çekýärler.


Ýamanlygy däl-de, ýagşylygy agtaryň, şonda siz ýaşarsyňyz. Edil siziň öz aýdyşyňyz ýaly Reb Hökmürowan Hudaý siziň bilen bolar.


«Bela bize gelmez ýa-da duşmaz» diýýän, halkymyň ähli günälileri gylyçdan ölerler.


Halkymy azaşdyryp, özlerini doýurýanlara asudalyk diläp, doýurmaýanlara-da uruş yglan edýän pygamberler hakynda Reb şeýle diýýär:


Pis işe türgendir elleri, hökümdarlar, kazylar para soraýarlar, güýçlüler arzuwyna zor bilen amal edýärler. Adalaty ýoýýarlar şeýdip.


Içindäki hökümdarlary arlaýan arslanlar ýalydyrlar. Kazylary daňdana deňeç ýeke süňk goýmaýan aç möjekler kimindirler.


Pygamberleri biperwaý, biwepa adamlardyr; ruhanylary ybadathanany harama çykardylar, Kanuny harladylar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Gurbanlyk sypamda biderek ýere ot ýakmazyňyz ýaly, käşgä araňyzdan biri çykyp, derwezeleri ýapsady! Men sizden razy däldirin. Indi Men siziň eliňizden sadaka kabul etmerin.


Öwüt-ündewiňizde tarapgöýlik edip, Meniň ýollarymy tutmandygyňyz üçin, Men hem sizi bütin halkyň öňünde kemsitdim we peseltdim».


Musanyň muňa gaty gahary gelip, Rebbe: «Olaryň sadakalaryny kabul etme, men olaryň hiç biriniň göwnüne degmändim, hatda olardan ýekeje eşek-de almandym» diýdi.


Onsoň Mowabyň we Midýanyň ýaşululary ellerine nälet üçin töleg hakyny alyp, Bilgamyň ýanyna gitdiler we Ballagyň habaryny oňa ýetirdiler.


Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip oýlamaň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir!


şeraba höwesjeň däl, zalym däl-de, mylaýym, dawa-jenjelden gaça durýan, pula gyzmaýan adam bolmalydyr.


Olaryň agzyny baglamak gerek. Çünki olar ýygnaklarda öwretmesiz zatlary öwredip, maşgalalary bütinleý dargadýarlar. Iň erbedi-de, olar bulary pul gazanmak üçin öwredýärler.


çopanlaryň öz sürüsine seredişi ýaly, siz hem Hudaýyň özüňize ynananlary barada alada ediň. Muny mejbury däl-de, meýletinlik bilen ediň. Olara betnebislik bilen däl-de, uly höwes bilen gözegçilik ediň.


Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.


Şamuweliň ogullary öz kakasynyň ýolundan gitmediler; gaýtam, diňe baýamagyň gamyny iýdiler, para aldylar, adalatdan ýüz döndürdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ