Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mika 2:12 - Mukaddes Kitap

12 «Eý, Ýakubyň nesilleri, Men hökman ähliňizi bir ýere ýygnaryn. Ysraýyllardan aman galanlaryny bir ýere toplaryn. Men sizi agyldaky goýunlar kimin, örüdäki süri kimin bir ýere getirerin. Ýurduňyz ýene-de adamdan dolar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 «Эй, Якубың несиллери, Мен хөкман әхлиңизи бир ере йыгнарын. Ысрайыллардан аман галанларыны бир ере топларын. Мен сизи агылдакы гоюнлар кимин, өрүдәки сүри кимин бир ере гетирерин. Юрдуңыз ене-де адамдан долар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mika 2:12
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy.


Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy.


Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.


Şol gün Reb Ýewfrat derýasyndan Müsür derýasyna çenli sizi harman döwegi deý ýenjer, ysraýyllary ýeke-ýekeden toplar.


Rebbiň gylyjy gana bulanandyr, guzudyr owlaklaryň ganyndan doludyr, ýag, goçlaryň böwrek ýagy bilen örtülendir; Rebbiň Bosrada gurbanlygy bar, Edomda uly gyrgyn bolar.


Goýunlar öz örülerindäki ýaly otlarlar, owlak-guzular harabalyklaryň arasynda otlarlar.


Sürimiň galanlaryny olary dargadan ähli ýurtlarymdan ýygnaryn, olary gaýtadan agyllaryna getirerin; olar köpelerler, örňärler.


Şol günlerde ýahuda halky ysraýyl halky bilen birleşer. Ikisi birlikde demirgazyk ýurtdan çykyp, Meniň ata-babalaryna mülk edip beren ýurduma geler.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Goýunlarymy Özüm gözlärinem, idegem ederin.


Olary halklaryň arasyndan çykararyn, ýurtlardan ýygnaryn; öz ýerlerine getirip, Ysraýylyň daglarynda, jülgelerinde we ýurduň ähli oturymly ýerlerinde bakaryn.


Şonuň üçin Men goýunlarymy halas ederin, olar gaýdyp talaňa salynmaz; goýun bilen goýnuň arasynda höküm çykararyn.


Siz Meniň goýunlarym, örimiň goýunlarysyňyz. Siz ynsansyňyz, Men bolsam siziň Hudaýyňyzdyryn». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkynyň Özümden ýene ýardam dilemegine gulak goýup, olar üçin şuny etjek: olary goýun sürüsi kimin köpeltjek.


Onsoň olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men ysraýyl halkyny giden ýerlerindäki milletleriň arasyndan çykararyn. Dumly-duşdan ýygnap, olary öz ýurtlaryna getirerin.


Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer, özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler. Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».


Şu sebäpden Teýmana ot ýagdyraryn, ot Bosranyň galalaryny ýakyp kül eder».


Taňry ýol açyp, halkyň öňünden gider. Gala derwezelerini ýykyp, daşary çykarlar. Patyşalary baş bolar, Reb öňlerinden ýörär.


Eý, süriniň gözegçi diňi bolan Sion gyzynyň galasy! Gaýtarylyp berler hökümdarlygyň, Iýerusalim gyzynyň patyşalygy dikeldiler.


Ýakubyň neslinden aman galanlary köp halklaryň arasynda Rebbiň iberen çygy dek, ynsana garaşmaýan, adamzatdan çözülmeýän, ot üstüne ýagýan çabga dek bolarlar.


Ýakubyň neslinden aman galanlary milletleriň, köp halklaryň arasynda jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan, goýun sürüsine aralaşan şir çagasy dek bolarlar, arslan deý hüjüme geçende, basgylap, tüýdüm-tüýdüm eder, hiç kim olary onuň penjesinden halas etmez.


Ýa Reb, Öz mirasyň bolan bu sürä, Öz halkyňa hasaň bilen çopançylyk et! Olar tokaýlarda, gök ýaýlalarda ýeke ýaşaýarlar; gadymkylar deý Başanda, Gilgatda otlat olary.


Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.


Şol wagt Men sizi toplap, öz ýurduňyza getirerin, çünki Men gözüňiziň alnynda öňki abadançylygyňyzy dikeldip, dünýäniň bütin halklarynyň arasynda size at-abraý we şan-şöhrat gazandyraryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ