Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mika 2:10 - Mukaddes Kitap

10 Turuň, gidiň, çünki bu ýer dynçlyk ýeri däldir! Murdarlygyňyz zerarly bu ýer zalymlyk bilen weýran ediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Туруң, гидиң, чүнки бу ер дынчлык ери дәлдир! Мурдарлыгыңыз зерарлы бу ер залымлык билен вейран эдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mika 2:10
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyl patyşasy Pekanyň döwründe Aşur patyşasy Tiglatpileser gelip, Yýony, Abelbeýtmagakany, Ýanowany, Kedeşi, Hasory, Gilgady, Jeliläni we tutuş Naftaly ýurduny basyp alyp, olaryň halklaryny Aşura ýesir edip äkitdi.


Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samariýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi.


Hudaýyň berekedi arkaly olar köpelýär, Ol mal-garalaryny hiç azaltmaýar.


Goý, gökler begensin, ýer hem şatlansyn. Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin.


Çünki Reb şeýle diýýär: «Ine, bu gezek Men bu ýurduň ilatyny uzaklara taşlaryn. Görsünler diýip, üstlerine bela indererin».


Seret, ýalaňaç gaýalara nazar sal! Heý, seniň zyna etmedik ýeriň barmy? Çöldäki garakçylar ýaly ýollaryň gyrasynda oturyp, oýnaşlaryňa garaşdyň. Loluçylygyň hem pisligiň bilen ýurdy harama çykardyň.


Ine, Siondan perýat eşidilýär: «Bizi, gör, nähili weýran etdiler! Gaty utanja galdyk, çünki ýurdumyzy terk etdik, öýlerimiz ýer bilen ýegsan boldy».


«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halky öz ýurdunda mesgen tutan wagty, erbet ýol-ýörelgeleri we işleri bilen ony haram etdi; Meniň öňümde olaryň ýol-ýörelgeleri aýbaşyly aýalyň haramlygy kimindi.


Men olary milletleriň arasyna dargatdym, olar keseki ýurtlara dargadyldylar; öz tutan ýollaryna we işlerine görä olara höküm çykardym.


Çünki siz entek Hudaýyňyz Rebbiň salamatlyk we mülk berjek ýerine baryp ýetmediňiz.


onda tutuşlaýyn heläk boljakdygyňyzy bu gün size jar edýärin. Iordan derýasyndan geçip, mülk edinjek ýeriňizde uzak ýaşamarsyňyz.


Şeýle edäýseňiz, bu gün ýer we gök size garşy şaýatdyr. Iordandan geçip eýelän ýurduňyzda basym tutuşlaýyn heläk bolarsyňyz, siz ol ýerde uzak ýaşaman, gaýtam, bütinleý ýok edilersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ