Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mika 1:6 - Mukaddes Kitap

6 «Şonuň üçin Men Samariýany harabaçylyga, üzümçilik ýerine öwrerin. Daşlaryny derä döküp, düýplerini açyk goýaryn» diýýär Reb.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 «Шонуң үчин Мен Самарияны харабачылыга, үзүмчилик ерине өврерин. Дашларыны дерә дөкүп, дүйплерини ачык гоярын» диййәр Реб.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mika 1:6
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger-de ol gala tarap çekiläýse, onda ähli ysraýyllar ýüp getirerler we ol ýeriň iň soňky çaglyna çenli, galany jülgä çekeris».


Üçünji ýylda Şalmaneser Samariýany basyp aldy. Bu Hizkiýanyň patyşalygynyň altynjy we Ysraýyl patyşasy Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda bolup geçdi.


Hizkiýanyň şalygynyň dördünji ýylynda, Elanyň ogly Ysraýyl patyşasy Hoşeýanyň şalygynyň ýedinji ýylynda Aşur patyşasy Şalmaneser Samariýanyň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabady.


„Eşitmediňmi näme sen ozaldan şu netijä gelenimi? Gadymdan bäri muny ýüregime düwdüm, indi şu gün ony amala aşyrýaryn, sen galalary weýran edersiň, harabaçylyga öwrersiň.


Damask baradaky pygamberlik: Ine, Damask indi şäher saýylmaz, ol harabaçylyga öwrüler.


Ýer bilen ýegsan ediler, diwarlaryndaky berkitmeler.


Sen şäheri daş üýşmegine, diwarly şäheri harabalyga öwürdiň; kesekileriň köşkleri bolan şäherleri ýok etdiň, olar bina edilmez asla.


Samariýa daglarynda ýene-de üzüm agaçlaryny ekersiň. Bag ekenler miwesinden-de iýerler.


Men saňa garşydyryn, eý, weýran edýän dag! Bütin dünýäni ýykan dag! Muny Reb aýdýandyr. Elimi saňa garşy uzadyp, seni gaýalardan aşak togalaryn, seni ýanan daga öwrerin.


Babyl daş üýşmeklerine, şagallar sürenine öwrüler, howp we ryswaçylyga dönüp, ol ýerde hiç kim ýaşamaz.


Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin.


Wah, altyn nähili garaldy-la! Sap altyn nähili üýtgedi-le! Mukaddes daşlar çaşyp ýatyr her köçäniň başynda.


Hek çalan diwaryňyzy ýykaryn, ony ýer bilen ýegsan ederin, onuň düýbi görner. Diwar ýykylyp, siz içinde heläk bolarsyňyz. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“.


Garybyň elinden bugdaý hem saman hakyny zorluk bilen alanyňyz üçin, daşdan ýonulan jaýlar gursaňyz-da, siz olarda ýaşamarsyňyz, gözel üzüm baglaryny oturtsaňyz-da, olaryň şerabyny içmersiňiz.


Hökmürowan Reb Özünden ant içip, şeýle diýýär: «Ýakubyň gedemligini nejis saýýaryn, onuň galalaryny ýigrenýärin, içindäki ähli zady bilen bile şäheri duşman eline bererin». Muny Hökmürowan Beýik Hudaý aýdýandyr.


Şonuň üçin hem siz sebäpli Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar.


Sen Öz halkyňyň gutulyşy üçin, seçip-saýlanyňy halas etmek üçin geldiň, pis nesilbaşyny ezdiň, ony depesinden dabanyna çenli soýduň. Sela


Emma Isa olara: «Bu ähli zatlary görýäňizmi? Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ