Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 9:6 - Mukaddes Kitap

6 Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Эмма сиз Ынсан Оглуның ер йүзүнде гүнәлери өтмәге-де ыгтыярының бардыгыны билип гоюң» дийди. Онсоң Ол ысмаза: «Саңа диййәрин, тур, дүшегиңи ал-да, өйүңе гайт» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 9:6
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn.


Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.


Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.


Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.


Birnäçe adam Onuň ýanyna düşekde ýatan bir ysmazy getirdi. Isa olaryň imanyny görende, ysmaza: «Oglum, dogumly bol, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.


Haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“ diýmekmi ýa-da: „Tur-da, ýöre“ diýmek?


Ol hem ýerinden turdy-da, öýüne gitdi.


Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza:


Töwrat mugallymlary bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip, içini gepletmäge başladylar.


Men olara baky ýaşaýyş berýärin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz.


Sen Ogla ähli ynsanlaryň üstünden ygtyýar berdiň. Goý, Ogul hem Seniň Oňa tabşyran ähli ynsanlaryňa baky ýaşaýyş bersin.


Onuň Ynsan Ogludygy sebäpli, Oňa kazylyk etmek ygtyýaryny-da berdi.


Isa oňa: «Tur, düşegiňi al-da, ýöre!» diýdi.


Hudaý Ysraýyla toba etdirip, günälerini bagyşlamak üçin, bu Adamy Baştutan hem Halasgär edip, Ony beýgeltdi we Öz sagynda oturtdy.


Petrus oňa: «Eneý, Isa Mesih saňa şypa berýär. Ýeriňden tur-da, ýorgan-düşegiňi ýygna!» diýdi. Ol hem şobada ýerinden turdy.


Siziň bagyşlan kişiňizi men hem bagyşlaýaryn, sebäbi men hem birini bir zatda bagyşlan bolsam, bagyşlanymy siziň hatyraňyz üçin Mesihiň huzurynda bagyşladym.


Şoňa görä-de, biz Isa Mesihiň ilçileridiris. Hudaý biz arkaly ýüzlenýär. Biz size Mesihiň hatyrasyna ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!


Biri-biriňize mähirli we rehim-şepagatly boluň. Hudaýyň sizi Mesih arkaly bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň.


Biri-biriňize sabyrlylyk bilen çydaň. Araňyzda öýke-kine bar bolsa, biri-biriňizi bagyşlaň. Rebbiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem bagyşlaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ