Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 9:36 - Mukaddes Kitap

36 Isa uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly dagynyk we tapdan düşendiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

36 Иса улы мәхелләни гөрүп, олара хайпы гелди, себәби олар чопансыз гоюнлар ялы дагынык ве тапдан дүшендилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 9:36
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“ diýdi».


Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“» diýdi.


Kowalanýan jeren kimin, çopansyz goýunlar kimin, her kes öz halkyna, her kişi öz ýurduna gaçar.


Meniň halkym ýiten goýundyr, olary çopanlary azaşdyrdylar, daglarda entetdiler, olar dagdan daga çykyp, öz agyllaryny unutdylar.


Butlar bimany gepleýärler, palçylar ýalan sözleýärler, galp düýşleri ýorýarlar, soňy boş göwünlik berýärler. Şol sebäpden goýun ýaly ygyp ýörler, çopansyzdyklary üçin ejir çekýärler.


Men şu ýurda bir çopan goýjakdyryn, ol ölüm ýassygynda ýatanyň aladasyny etmez, ýiteni idemez, maýyby bejermez, sag adamyň garnyny doýurmaz. Gaýtam ol semizleriň etini iýip, toýnaklaryny goparar.


Ol bellenen adam söweşde baştutan bolup, halkyň öňüne düşsün, goý, Rebbiň jemagaty çopansyz süri ýaly bolmasyn» diýdi.


Muňa derek azaşan goýunlara meňzeýän ysraýyl halkynyň arasyna baryň.


Ol gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, olaryň hassalaryny sagaltdy.


Isa hem: «Men diňe ysraýyl halkynyň azaşan goýunlaryna iberildim» diýip jogap berdi.


Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp: «Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok. Olary öýlerine aç goýberesim gelenok, ýolda tapdan düşmekleri ahmal» diýdi.


Isa gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin olara köp zatlary öwretmäge başlady.


«Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok.


Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.


Baş ruhany nadanlara, ýoldan azaşanlara ýumşak daraşmagy başarýar, sebäbi özünde hem ynsan kemçilikleri bar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ