32 Olar gidenden soňra Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän bir lal adamy getirdiler.
32 Олар гиденден соңра Исаның янына арвах-җын эелән бир лал адамы гетирдилер.
Agsaklar keýik kimin bökjeklärler, lal diller şatlykdan aýdym aýdarlar; düzden suwlar, çölden çeşmeler çogup çykar;
Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.
Günleriň birinde Isa bir lal adamdan arwah-jyny kowdy. Arwah-jyn çykan badyna, lal adam geplemäge başlady, halk muňa haýran galdy.