31 Emma olar çykan batlaryna, Isanyň at-owazasyny tutuş etraba ýaýratdylar.
31 Эмма олар чыкан батларына, Исаның ат-овазасыны тутуш этраба яйратдылар.
Şol wagt Isanyň at-owazasy Hirod hanyň gulagyna baryp ýetdi.
Garawullar puly alyp, özlerine buýrulyşy ýaly etdiler. Bu gürrüň ýahudylaryň arasynda şu güne çenli hem dowam edip gelýär.
Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.
Bu habar ol etrabyň ähli ýerine ýaýrady.
Şeýlelikde, Isa hakyndaky habar şobada Jeliläniň ähli etrabyna ýaýrady.
Isa muny görenlere bu barada hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. Emma Ol näçe köp tabşyrsa, olar bu habary şonça-da köp ýaýratdylar.
Isa Mukaddes Ruhuň güýji bilen Jelilä dolanyp geldi. Ol hakdaky gürrüňler etrabyň çar tarapyna ýaýrady.
Isa hakyndaky habar bu etrabyň çar tarapyna ýaýrady.
Emma Isa hakyndaky habarlar barha ýaýraýardy. Isany diňlemek we kesellerine şypa tapmak üçin, Onuň ýanyna uly mähelle ýygnanýardy.
Isa baradaky bu habar tutuş Ýahudyýa we daş-töwerekdäki etraplara ýaýrady.