Kimde-kim Rebbiň adyna dil ýetirse, ol ölüme höküm edilsin, ony bütin halk daşlasyn. Gelmişekmi ýa-da ýerli halk – parhy ýok, Rebbiň adyna dil ýetiren öldürilmelidir.
Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn. Näme karara gelýärsiňiz?» diýip sorady. Olaryň bary Isany ölüm jezasyna laýyk diýip höküm çykardylar.
Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, azgynlyk, ogurlyk, ganhorlyk, zynahorlyk, açgözlük, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, göriplik, sögünç, tekepbirlik we akmaklyk çykýar.
Töwrat mugallymlary bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip, içini gepletmäge başladylar.