Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 9:27 - Mukaddes Kitap

27 Isa ol ýerden gelýärkä, iki sany kör adam Onuň yzyna düşüp: «Eý, Dawut Ogly! Bize rehim et!» diýip gygyrdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Иса ол ерден гелйәркә, ики саны көр адам Онуң ызына дүшүп: «Эй, Давут Оглы! Бизе рехим эт!» дийип гыгырдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 9:27
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesihiň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir:


Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.


Ol ýerde bir kengan aýaly Isanyň ýanyna gelip: «Agam, eý, Dawut Ogly, bize rehim et! Gyzymy arwah-jyn eýeledi, ol erbet ejir çekýär» diýdi.


Ol: «Agam, ogluma rehim et! Onuň tutgaý keseli bar, örän ejir çekýär. Ol ýygy-ýygydan özüni oda, suwa urýar.


Isa bilen şägirtleri Ýerihodan çykanlarynda, uly mähelle Isanyň yzyna düşüp gitdi.


Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Onuň görkezen gudratlaryny we ybadathanada: «Dawut Ogluna alkyş!» diýip gygyrýan çagalary görenlerinde gazaba mündüler.


Onuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy.


Isa öýe girende, körler Onuň ýanyna geldiler. Isa olardan: «Meniň bu işi başarjagyma ynanýarsyňyzmy?» diýip sorady. Olar hem Oňa: «Hawa, Agam» diýip jogap berdiler.


Atamyz Dawudyň golaýlan patyşalygy gutly bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardylar.


Arwah-jyn ony heläklejek bolup, telim gezek oda, suwa atdy. Gaýrat et-de, başardygyňdan kömek et, bize haýpyň gelsin!» diýdi.


Onsoň Isa olara: «Näme üçin Mesihe Dawudyň ogly diýýärler?


Şol wagtlar Isa köp keselleri, hassalary, erbet ruh eýelänleri bejeripdi, ençeme körleriň gözlerini açypdy.


Mukaddes Ýazgylarda: „Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň ýaşan Beýtullaham şäherinden geler“ diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler.


Bu Hoş Habar Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdadyr. Ol ynsan tebigaty boýunça Dawudyň neslindendi.


Olar beýik ata-babalarymyzyň neslidir. Isa Mesih hem ynsan tebigaty boýunça olardan gelip çykandyr. Bütin barlygyň Hökümdary bolan Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ