Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.
Emma ol adam gidip, bolan zatlary ýetişibildigine gürrüň bermäge we ýaýratmaga başlady. Şonuň üçin Isa indi hiç bir şähere arkaýyn girip bilmän, olardan daşda, çola ýerlerde bolýardy. Emma hemme ýerden Onuň ýanyna adamlar gelýärdiler.
Bolup geçýän zatlary Hirod patyşa-da eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Käbir adamlar: «Ýahýa çümdüriji ölümden direlipdir. Ol şol sebäpli bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýýärdiler.
Bu zatlardan patyşamyň habarlydygy üçin, men oňa arkaýyn gepleýärin. Bularyň hiç biriniň ondan ýaşyryn däldigine men ynanýaryn, sebäbi bular gizlin edilen däldir.