Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 9:2 - Mukaddes Kitap

2 Birnäçe adam Onuň ýanyna düşekde ýatan bir ysmazy getirdi. Isa olaryň imanyny görende, ysmaza: «Oglum, dogumly bol, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Бирнәче адам Онуң янына дүшекде ятан бир ысмазы гетирди. Иса оларың иманыны гөренде, ысмаза: «Оглум, догумлы бол, сениң гүнәлериң өтүлди» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 9:2
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy.


Ýazyklaryňyzy bulut kimin, günäleriňizi duman kimin aýraryn. Maňa dolan, çünki Men sizi yzyňyza aldym».


Emma Isa dessine olara söz gatyp: «Dogumly boluň! Bu – Men, gorkmaň!» diýdi.


Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.


Bize ýamanlyk edýänleri bagyşlaýşymyz ýaly, Sen hem biziň ýazyklarymyzy bagyşla.


Isa bu sözleri eşidip haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýänlere: «Size dogrusyny aýdýaryn, Men hatda Ysraýylda hem şeýle imany bar adamy tapmadym.


Şol gün agşam Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän adamlary getirdiler. Ol hem bir söz bilen olardaky erbet ruhlary çykardy, şeýle-de hassalaryň hemmesini sagaltdy.


Isa öwrülip, ony gördi-de: «Eý, naçar, dogumly bol, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Aýal şol pursadyň özünde sagaldy.


Haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“ diýmekmi ýa-da: „Tur-da, ýöre“ diýmek?


Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi.


Gün batyp, agşam düşende, ähli hassalary, arwah-jyn eýelän adamlary Onuň ýanyna getirdiler.


Isa aýak çekip: «Ony çagyryň» diýdi. Köre: «Dogumly bol, tur ýeriňden, Ol seni çagyrýar» diýdiler.


Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git, derdiňden saplan» diýdi.


Hemmeler Ony görüp gorkdular. Emma Isa dessine olara söz gatyp: «Bu – Men, gorkmaň! Dogumly boluň!» diýdi.


Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.


Ynsan babatda Oňa hiç kimiň şaýatlygy gerek däldi, sebäbi Ol ynsanyň näme niýetiniň bardygyny bilýärdi.


Isa olardan: «Eý, dostlar, iýmäge zadyňyz barmy?» diýip sorady. Olar: «Ýok» diýip jogap berdiler.


Bu adam Pawlusyň gürrüňini diňläp otyrdy. Pawlus hem oňa dikanlap seredip, onuň sagaljagyna imanynyň bardygyny gördi.


Pawlusa degen elýaglykdyr guşaklary alyp, hassalaryň üstüne ýapanlarynda, olar dertlerine şypa tapýardylar, olardan arwah-jynlar çykýardy.


Şol gije Reb Isa Pawlusa görnüp, oňa: «Mert bol! Sen Men hakda Iýerusalimde nähili şaýatlyk eden bolsaň, Rimde-de şeýle şaýatlyk etmelisiň» diýdi.


Mundan başga-da, biz Hudaýyň Rebbimiz Isa Mesih arkaly eden işlerine begenýäris, sebäbi Ol bizi Hudaý bilen ýaraşdyrdy.


Käbiriniň: «Seniň imanyň bar, meniň bolsa oňat işlerim» diýmegi mümkin. Emma men aýdýaryn, hany, oňat işler etmezden maňa imanyňy görkez, men hem saňa imanymy oňat işlerim arkaly görkezeýin!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ