Isa olara bu zatlary aýdyp durka, bir ýolbaşçy gelip, Onuň aýagyna ýykyldy. Ol: «Meniň gyzym ýaňyja öldi, emma Sen gelip, eliňi onuň üstünde goýsaň, ol direler» diýdi.
Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.