Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 9:18 - Mukaddes Kitap

18 Isa olara bu zatlary aýdyp durka, bir ýolbaşçy gelip, Onuň aýagyna ýykyldy. Ol: «Meniň gyzym ýaňyja öldi, emma Sen gelip, eliňi onuň üstünde goýsaň, ol direler» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Иса олара бу затлары айдып дурка, бир ёлбашчы гелип, Онуң аягына йыкылды. Ол: «Мениң гызым яңыҗа өлди, эмма Сен гелип, элиңи онуң үстүнде гойсаң, ол дирелер» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 9:18
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Nagamanyň muňa gahary gelip, şeýle diýdi: «Ol meniň üçin hökman daşary çykyp, ýanymda durup, öz Hudaýy Rebbe dileg edip, elini ýokançly deri keselli ýeriň üstüne goýup, ony bejerer öýtdüm.


Gaýykdakylar: «Sen, hakykatdan-da, Hudaýyň Oglusyň» diýip, Oňa sežde etdiler.


Emma ol aýal ýene-de Isanyň golaýyna gelip, dyza çökdi-de: «Agam, maňa kömek et» diýip ýalbardy.


Olar mähelläniň ýanyna ýetip barýarkalar, bir adam Isanyň ýanyna gelip, Onuň öňünde dyza çökdi.


Soňra Zebedeýiň ogullarynyň ejesi öz ogullary bilen Isanyň ýanyna geldi. Ol Isadan bir zatlar dilemek üçin dyzyna çöküp, tagzym etdi.


Isany görüp, Oňa sežde etdiler, emma olaryň käbiri şübhelendi.


Şol wagt deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna gelip, dyzyna çöküp: «Agam, eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýdi.


Şägirtleri Ony oýaryp: «Agam, bizi halas et! Biz heläk bolup barýarys!» diýdiler.


Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Beýtse, meşikler ýarylyp, şerap döküler we meşikler hem zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr, şeýdip, ikisi hem abat saklanýandyr» diýip jogap berdi.


Isa turup, şägirtleri bilen bile ol adamyň yzyna düşüp gitdi.


Olara: «Aýrylyň, gyz ölenok, diňe uklap ýatyr» diýdi. Olar Isanyň üstünden güldüler.


Emma Isanyň hassa aýala Sabat güni şypa berenine gahary gelen sinagoga baştutany halka ýüzlenip: «Işlemek üçin alty gün bardyr, şypa tapmaga Sabat güni däl-de, başga günlerde geliň» diýdi.


Bir ýolbaşçy Isadan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men baky ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady.


Bu ýerde bir ýüzbaşynyň ezizläp hormatlaýan hyzmatkäri keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy.


Isa oňa: «Direlişem, ýaşaýyşam Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar.


Merýem Isanyň duran ýerine geldi. Ony görüp, aýaklaryna ýykyldy-da: «Agam, Sen şu ýerde bolan bolsadyň, doganym ölmezdi» diýdi.


Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan okalandan soň, sinagoganyň baştutanlary: «Doganlar, halka näme öwüt-nesihatyňyz bar bolsa aýdyň, baş üstüne!» diýip, olary çagyrtdylar.


Şol wagt onuň kakasyny ysytma we içagyry tutup ýatyrdy. Pawlus hassanyň ýanyna geldi we doga-dileg etdi-de, onuň üstüne elini goýup, şypa berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ