Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 9:13 - Mukaddes Kitap

13 Ýöne siz gidiň-de, „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny öwreniň, sebäbi Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Йөне сиз гидиң-де, „Мен гурбанлык дәл-де, рехим-шепагат ислейәрин“ диен сөзүң манысыны өврениң, себәби Мен догрулары дәл-де, гүнәкәрлери чагырмага гелдим» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 9:13
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dogrulyk we adalatlylyk etmek Rebbe gurbanlyk berenden ýakymlydyr.


Çünki Men gurbanlygy däl, sadyk söýgini isleýärin, Ýakma gurbanlygy däl, Hudaýy tanamaklygy isleýärin.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Dawut bilen ýanyndakylar aç galanlarynda, siz Dawudyň näme edendigini okamadyňyzmy?


Eýsem, siz ybadathanada Sabat gününiň kadalaryny bozsalar-da, ruhanylaryň günäsiz saýylandygyny Töwratda okamadyňyzmy?


Siz: „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny bilsediňiz, günäsizleri höküm etmezdiňiz.


Isa hem: «Siz näme „Ýaradanyň Özi owal-başda ynsanlary erkek we aýal edip ýaratdy“ diýen sözleri okamadyňyzmy?


Isa olardan: «Siz näme Mukaddes Ýazgylarda: „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy. Muny Reb etdi, bu nazarymyzda täsin saýyldy“ diýen sözleri okamadyňyzmy?» diýip sorady.


Ol: «Toba ediň, sebäbi Gögüň Şalygy golaýlady» diýýärdi.


Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň.


Şol wagtdan başlap, Isa: «Toba ediň, çünki Gögüň Şalygy golaýlady» diýip, wagyz etmäge başlady.


Ölüleriň direlişi babatda bolsa, Musanyň kitabyndaky ýanyp duran çaly hakynda okamadyňyzmy? Hudaý Musa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýdi.


Ony tutuş ýüregiň hem akylyň bilen we ähli güýjüň bilen söýmeklik, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söýmeklik ýakma gurbanlyklaryň, beýleki gurbanlyklaryň hemmesinden has möhümdir» diýdi.


Isa muny eşidende, olara: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir. Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.


Isa onuň özüne sorag bilen ýüzlenip: «Töwratda näme ýazylgy? Sen muňa nähili düşünýärsiň?» diýdi.


Ynsan Ogly ýitenleri agtarmaga we halas etmäge gelendir» diýdi.


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Isa olara: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir.


Men dogrulary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýip jogap berdi.


Isa olara şeýle diýdi: «Mukaddes Kanunyňyzda: „Men diýýärin: Siz hudaýlarsyňyz“ diýip ýazylan dälmi?


Doganlar bu sözleri eşidenlerinden soňra köşeşdiler. Hudaýy şöhratlandyryp: «Hudaý hatda keseki milletlere-de toba edip, baky ýaşaýşa gowuşmaklygy beripdir» diýişdiler.


Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz.


Men ýahudylaryň-da, grekleriň-de toba edip, Hudaýa dolanmaga we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmäge çagyrdym.


Indi günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin toba ediň we Hudaýa tarap öwrüliň.


Hudaý Ysraýyla toba etdirip, günälerini bagyşlamak üçin, bu Adamy Baştutan hem Halasgär edip, Ony beýgeltdi we Öz sagynda oturtdy.


Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ