Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 8:5 - Mukaddes Kitap

5 Isa Kapernauma girende, bir ýüzbaşy Onuň ýanyna gelip:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Иса Капернаума гиренде, бир йүзбашы Онуң янына гелип:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 8:5
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? Ýok, sen dowzaha taşlanarsyň, sebäbi sende görkezilen gudratlar Sodomda görkezilen bolsady, onda ol şu güne çenli saklanyp galardy.


Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler.


Ol ilki Nasyra şäherine geldi, emma ol ýerde uzak eglenmän, Zebulun bilen Naftaly welaýatyndaky Jelile kölüniň kenarynda ýerleşýän Kapernaumda ornaşdy.


Onsoň Isa gaýyga mündi-de, beýleki kenara geçip, Öz şäherine geldi.


Isanyň garşysynda duran ýüzbaşy Onuň şeýle jan berenini görende: «Bu adam, hakykatdan hem Hudaýyň Ogly eken» diýdi.


Isa birnäçe günden soň Kapernauma gaýdyp gelende, Onuň öýdedigi baradaky habar ýaýrady.


Pawlusy gamçylamak üçin baglanlarynda, Pawlus ýanynda duran ýüzbaşydan: «Rim raýatynyň hiç hili aýyby ýok hem bolsa, ony gamçylamak siziň kanunyňyza laýyk gelýärmi?» diýip sorady.


Pawlus hem ýüzbaşylaryň birini ýanyna çagyryp: «Bu ýigidi müňbaşynyň ýanyna elt, oňa bir zat barada habar bermekçi» diýdi.


Onsoň müňbaşy ýüzbaşylaryndan ikisini ýanyna çagyryp: «Agşam sagat dokuzda Kaýsariýa gitmek üçin, iki ýüz sany pyýada, ýetmiş sany atly esgeri we iki ýüz naýzaçy taýynlaň.


Şeýlelikde, günorta şemaly ýuwaşja öwüsmäge başlanda, olar öz maksatlaryna ýetendiris öýtdüler. Şonuň üçin labyry çekdiler-de, Krit adanyň golaýy bilen ýola düşdüler.


Emma Pawlus ýüzbaşy bilen esgerlere: «Bular gämide galmasalar, siz diri galyp bilmersiňiz» diýdi.


Emma ýüzbaşy Pawlusy halas etmek isläp, olary bu niýetlerinden dändirdi. Olara ýüzüp bilýänler gämiden özlerini öňürti zyňsynlar we ýüzüp çyksynlar,


Lida şäheri Ýafo şäherine golaýdy. Şägirtler Petrusyň Lidadadygyny eşidip, onuň ýanyna iki adamy ýolladylar we: «Gijikdirmän, biziň ýanymyza gel» diýip haýyş etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ