Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 8:4 - Mukaddes Kitap

4 Soňra Isa oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Соңра Иса оңа: «Әгә бол, муны хич киме айтмагын. Йөне гит-де, рухана гөрүн ве дери кеселинден сапланандыгыңы хеммелере субут эдер ялы, Мусаның буйран садакасыны бер» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 8:4
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz dogrulygy zerarly kanunyny beýgeltmek, şöhratlandyrmak Rebbe ýarady.


Men sebäpli sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna elterler, siz bolsa olaryň we keseki milletleriň öňünde şaýatlyk edersiňiz.


Onsoň şägirtlerine Özüniň Isa Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.


Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, gören zatlaryňyzy hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy.


Isa oňa: «Goý, häzir şeýle bolsun, sebäbi bize Hudaýyň islegini berjaý etmek ýaraşýandyr» diýip jogap berdi.


Maňa Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryny bozmaga gelendir öýtmäň. Men bozmaga däl-de, olary amala aşyrmaga geldim.


«Habardar boluň, sogap işleriňizi adamlara görünmek üçin hemmeleriň gözüniň alnynda etmäň. Beýle etseňiz, gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz.


şobada olaryň gözleri açyldy. Isa: «Ägä boluň, muny hiç kim bilmesin» diýip, olara berk tabşyrdy.


Emma siz özüňizden habardar boluň! Adamlar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Men sebäpli siz hökümdarlaryň, patyşalaryň öňünde durarsyňyz we olara şaýatlyk edersiňiz.


Emma Ol Özüniň kimdigini hiç kime aýtmazlygy berk tabşyrdy.


Isa olara muny hiç kime bildirmezligi berk tabşyryp, gyza nahar bermeklerini buýurdy.


Eger adamlar sizi kabul etmeseler, diňlemeseler, ol ýerden çykyp barýarkaňyz, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýaklaryňyzyň tozuny kakyň» diýdi.


Isa muny görenlere bu barada hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. Emma Ol näçe köp tabşyrsa, olar bu habary şonça-da köp ýaýratdylar.


Şonda Isa olara Özi hakynda hiç kime hiç zat aýtmazlygy tabşyrdy.


Onsoň dagdan inip gelýärkäler, Isa olara Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, bu gören zatlaryny hiç kime aýtmazlygy buýurdy.


Isa olary görüp: «Baryň, ruhanylara görnüň» diýdi. Olar ýoldakalar keselden saplandy.


Bu bolsa şaýatlyk etmek üçin size bir pursat bolar.


Köpüsinden arwah-jynlar: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyryşyp çykýardy. Emma Isa olara käýäp, geplemeklerine ýol bermeýärdi, sebäbi olar Onuň Mesihdigini bilýärdiler.


Soňra Isa oňa: «Muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýip buýurdy.


Gyzyň ene-atasy haýran galdy. Isa bolsa olara bolup geçen hadysany hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.


Isa bolsa muny hiç kime aýtmazlygy olara berk tabşyrdy.


Kim özünden sözleýän bolsa, özüne şöhrat gözleýändir. Kim özüni iberene şöhrat gözleýän bolsa, hakykaty sözleýändir, onuň sözlerinde ýalan ýokdur.


Men Özüme şöhrat agtarmaýaryn, Men şöhratlandyrýan Biri bar. Kazylyk Edýän-de Oldur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ