23 Isa gaýyga münende, şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler.
23 Иса гайыга мүненде, шәгиртлери хем Онуң ызына дүшдүлер.
Kölde birdenkä güýçli gaý turdy we gaýyk tolkunlara büreldi. Emma Isa uklap ýatyrdy.
Onsoň Isa gaýyga mündi-de, beýleki kenara geçip, Öz şäherine geldi.
Şol gün agşamara Isa şägirtlerine: «Kölüň beýleki tarapyna geçeliň» diýdi.
Şunlukda, Isa habarçylara: «Baryň-da, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.