Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 8:22 - Mukaddes Kitap

22 Emma Isa oňa: «Meniň yzyma düş, goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Эмма Иса оңа: «Мениң ызыма дүш, гой, өлүлерини өлүлериң өзлери җайлаберсинлер» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 8:22
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Elýaşa öküzlerini taşlap, Ylýasyň yzyndan ylgady. Elýaşa Ylýasa: «Men öňürti enem-atam bilen hoşlaşaýyn, onsoň seniň yzyňa düşeýin» diýdi. Ylýas oňa: «Bar, gidiber, ýöne sen meniň eden işimiň näme aňladýandygyny bilýänsiň» diýdi.


Onuň başga bir şägirdi: «Agam, rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi.


Isa şol ýerden geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Mattany görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.


Isa ýoldan geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Alfeýiň ogly Lewini görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.


Sebäbi bu oglum ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýýär. Şeýdip, olar toý etmäge başlaýarlar.


Bu gün bolsa toý edip, şatlanmak gerek, sebäbi seniň iniň ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýip jogap berýär».


Başga birine: «Meniň yzyma düş» diýdi. Emma ol: «Agam, rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi.


Emma Isa oňa: «Goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler, ýöne sen git-de, Hudaýyň Şalygyny wagyz et» diýdi.


Ertesi gün Isa Jelilä gitmegi ýüregine düwdi. Ol Filipi tapyp: «Meniň yzyma düş!» diýdi.


Isa bulary Petrusyň nähili ölüm bilen ölüp, Hudaýy şöhratlandyrjakdygyny bildirmek üçin aýtdy. Muny aýdandan soňra oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi.


Isa oňa: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen Meniň yzyma düş» diýip jogap berdi.


Owal siz ýazyklaryňyz we günäleriňiz sebäpli ölüdiňiz.


Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar».


Owal siz sünnetsiz bolan öňki tebigatyňyzda günäleriňiz zerarly ölüdiňiz. Indi bolsa Hudaý ähli günäleriňizi bagyşlap, sizi Mesih bilen bile direltdi.


Emma aýşy-eşret çekýän dul aýalyň özi diri bolsa-da, ruhy ölüdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ