Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 8:20 - Mukaddes Kitap

20 Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Иса оңа: «Тилкилериң сүрени, гушларың хөвүртгеси бардыр, йөне Ынсан Оглуның башыны гояра-да ери ёкдур» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 8:20
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda olar az sanlydylar, gaty az we şol ýerde gelmişekdiler.


Öňlerinden bir adamy ýollady: Ýusup gul edilip satyldy.


Öz halkyňyň etmişlerini geçirdiň, onuň ähli günälerini Sen bagyşladyň. Sela


Gije şol görnüşimde ynsan ogluna meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi.


Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar. Emma Mukaddes Ruha garşy aýdylan söz bagyşlanmaz. Ol şu döwürde-de, geljekde-de bagyşlanmaz.


Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar.


Çünki Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr».


Ol şeýle jogap berdi: «Oňat tohumy ekýän Ynsan Ogludyr.


Isa Kaýsariýa-Filip şäheriniň golaýyna gelende, şägirtlerinden: «Adamlar Ynsan Ogluna kim diýýärler?» diýip sorady.


Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.


Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, gören zatlaryňyzy hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz.


Bu biwepa, günäkär nesliň arasynda kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Atasynyň şöhratynda mukaddes perişdeleri bilen gelen mahaly ondan utanar».


Size şuny diýýärin: kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Ynsan Ogly hem ony Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ykrar eder.


Size şuny aýdýaryn: olaryň hakyny tiz alyp berer. Ýöne Ynsan Ogly gelende, ýeriň ýüzünde imanly adam taparmyka?»


Ine, bu size bir alamat bolar: siz gundaga dolangy, ahyrda ýatan bir Çagany taparsyňyz» diýdi.


Şeýlelikde, olar gyssanmaç gidip, Merýemi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar.


Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».


Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýdi.


Isa sözüni dowam edip: «Size dogrusyny aýdýaryn, indi siz gökleriň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň huzuryna inip-çykyşyny görersiňiz» diýdi.


Mähelle Oňa garşy bolup: «Töwratda aýdylyşyna görä, Mesih ebedi galmalydyr. Onsoň nädip Sen: „Ynsan Ogly ýokary göterilmelidir“ diýýärsiň? Ol Ynsan Ogly diýýäniň kim?» diýip sorady.


Ýudas çykyp gidensoň, Isa şeýle diýdi: «Indi Ynsan Ogly şöhratlandyryldy, Hudaý-da Ol arkaly şöhratlandyryldy.


Hiç kim göge çykan däldir; oňa diňe gökden inen Ynsan Ogly çykandyr.


Musanyň çölde ýylany ýokary göterişi ýaly, Ynsan Ogly-da ýokary göterilmelidir.


Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi.


Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Oglunyň bedenini iýip, ganyny içmeseňiz, sizde ýaşaýyş bolmaz.


Onda siz Ynsan Oglunyň owal bolan ýerine gaýtadan çykanyny görseňiz näme diýerkäňiz?


Stefan: «Serediň, men gökleriň açylanyny we Hudaýyň sagynda duran Ynsan Ogluny görýärin» diýdi.


Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ