Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 8:2 - Mukaddes Kitap

2 Şol wagt deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna gelip, dyzyna çöküp: «Agam, eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Шол вагт дери кеселине ёлуган бир адам Онуң янына гелип, дызына чөкүп: «Агам, эгер ислесең, мени бу кеселден тәмизләп билерсиң» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 8:2
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň başyma ýag guýlup saýlan patyşasy bolsamam, mende bu gün güýç-gurbat ýok. Seruýanyň ogullary menden has güýçli. Ýamanlyk edeniň özüne-de Reb ýamanlyk görkezsin» diýdi.


Reb oňa ýokançly deri keseli bilen ezýet berdi. Ol tä ölýänçä ýokançly deri keselinden ejir çekip, aýratyn ýerde ýaşady. Patyşanyň ogly Ýotam ýurtdaky halka baştutanlyk edip, köşgi dolandyrdy.


Siriýa patyşasynyň Nagaman atly bir serkerdesi bardy. Ol jenabynyň öňünde iň abraýly hem-de iň uly hormata eýe bolan adamdy, çünki Reb Nagamanyň üsti bilen Siriýa ýeňiş beripdi. Bu batyr ýigit ýokançly deri keselinden ejir çekýärdi.


Şonuň üçin hem Nagamanyň deri keseli senden we seniň nesliňden hiç haçan aýrylmasyn» diýdi. Şeýdip, Geýhazy gar ýaly duw-ak deri keseli bilen Elýaşanyň ýanyndan çykyp gaýtdy.


Bulut çadyryň depesinden syrylanda, Merýem deri keseline uçrap, ak gar ýaly pis açdy. Harun Merýeme tarap seredip, onuň deri keseline uçrandygyny gördi.


Hassalary sagaldyň, deri kesellileri tämizläň, ölüleri direldiň, arwah-jynlary çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt beriň.


Isa olaryň imansyzdyklary zerarly, ol ýerde köp gudrat görkezmedi.


Gaýykdakylar: «Sen, hakykatdan-da, Hudaýyň Oglusyň» diýip, Oňa sežde etdiler.


Emma ol aýal ýene-de Isanyň golaýyna gelip, dyza çökdi-de: «Agam, maňa kömek et» diýip ýalbardy.


Dolandyryjy ýere ýüzin düşüp, hojaýynyna: „Sabyr et! Baryny bereýin“ diýip ýalbarýar.


Olar öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Şonda dyza çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, hoşboý tütetgiler we mür sowgat berdiler.


Soňra Zebedeýiň ogullarynyň ejesi öz ogullary bilen Isanyň ýanyna geldi. Ol Isadan bir zatlar dilemek üçin dyzyna çöküp, tagzym etdi.


Isa Beýtaniýada deri keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka,


Isany görüp, Oňa sežde etdiler, emma olaryň käbiri şübhelendi.


Birdenkä olara Isa duşup: «Salam!» diýdi. Olar hem Onuň ýanyna gelip, aýagyna ýykylyp, Oňa sežde etdiler.


«Eger dyzyňa çöküp, maňa sežde etseň, bularyň baryny Saňa bereýin» diýdi.


Isa dagdan aşak inende, uly mähelle Onuň yzyna düşdi.


Şägirtleri Ony oýaryp: «Agam, bizi halas et! Biz heläk bolup barýarys!» diýdiler.


Isa olara bu zatlary aýdyp durka, bir ýolbaşçy gelip, Onuň aýagyna ýykyldy. Ol: «Meniň gyzym ýaňyja öldi, emma Sen gelip, eliňi onuň üstünde goýsaň, ol direler» diýdi.


Şeýle hem, Elýaşa pygamberiň döwründe Ysraýylda deri keselli köp adamlar bardy. Emma Elýaşa diňe siriýaly keseki Nagamanyň ýanyna iberildi we ondan başga hiç kim tämiz bolmady».


Ol hem: «Ýa Reb, iman edýärin» diýip, Oňa sežde etdi.


Petrus: «Ýok, Rebbim! Ýahudy kanunyna görä, men hiç haçan haram zat iýen däldirin» diýdi.


Petrus öýe girende, Korneliý onuň öňünden çykdy-da, aýagyna ýykylyp, oňa tagzym etdi.


Şonda onuň ýürek syrlary aýan bolar-da, ýüzin ýykylar. «Hudaý, dogrudan-da, siziň araňyzda eken!» diýip, Oňa sežde eder.


Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ