Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 8:13 - Mukaddes Kitap

13 Isa ýüzbaşa: «Bar, gidiber, goý, saňa imanyňa görä bolsun!» diýdi. Onuň hyzmatkäri şol sagadyň özünde sagaldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Иса йүзбаша: «Бар, гидибер, гой, саңа иманыңа гөрә болсун!» дийди. Онуң хызматкәри шол сагадың өзүнде сагалды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 8:13
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy.


Şonda Isa oňa: «Eý, zenan, seniň imanyň beýik! Saňa isleýşiň ýaly bolsun!» diýdi. Ol aýalyň gyzy şol sagadyň özünde sagaldy.


Isa hem olara: «Ýeterlik imanyňyzyň ýokdugy üçin şeýle boldy. Size dogrusyny aýdýaryn: bir gorçisa dänesi ýalyjak imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Size başartmajak zat bolmaz» diýdi.


Soňra Isa oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýdi.


Isa öwrülip, ony gördi-de: «Eý, naçar, dogumly bol, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Aýal şol pursadyň özünde sagaldy.


Isa oňa: «Bu sözüň üçin, bar, gidiber, arwah-jyn seniň gyzyňdan çykdy» diýdi.


Isa oňa: «Başardygyňdan diýmäň näme? Iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýdi.


Isa oňa: «Gidiber, ogluň ýaşar» diýdi. Ol hem Isanyň aýdan sözüne ynanyp, öýüne gaýtdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ