Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi?
Öý eýesi turup, gapyny gulplanda, siz daşarda galyp, gapyny kakarsyňyz we: „Aga, bize gapyny açaý-da!“ diýip ýalbararsyňyz. Ol hem size: „Men sizi tanamok, nireden geleniňizi-de bilemok“ diýip jogap berer.
Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer.