Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 7:24 - Mukaddes Kitap

24 Şonuň üçin hem bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän her bir adam öýüni gaýanyň üstünde guran akylly adama meňzeýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Шонуң үчин хем бу сөзлерими эшидип, олары берҗай эдйән хер бир адам өйүни гаяның үстүнде гуран акыллы адама меңзейәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 7:24
41 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Ol adamzada: „Ine, Rebden gorkmak – bu paýhasdyr. Şerden gaça durmak – bu düşünjedir“ diýdi».


Erbet adam muny görüp, gazaba münýär, dişini gyjaýar we ruhdan düşýär; erbet adamyň göwün islegleri puç bolar.


Tupan geçýär, erbetler ýok bolýar, dogruçyllar bolsa ebedi berkdir.


Kalbynda danalyk bolan öwüdi kabul eder, akmagyň dili bolsa bela elter.


Erbetler düňderilip ýok bolýandyr, dogrularyň öýi bolsa berk durýandyr.


Paýhasly adamyň danalygy öz ýoluna düşünmegi üçindir, akylsyzyň akmaklygy bolsa aldawçylykdyr.


Gökdäki Atamyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi.


Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez.


Hojaýynyň sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?


Olaryň bäşisi akylly, bäşisi akylsyz eken.


Akyllylar bolsa çyralary bilen birlikde gaplarda ýag hem alýarlar.


Emma akyllylar: „Ýok! Bize-de, size-de ýetmän durmasyn. Gowusy, gidiň-de, satyjylardan özüňize ýag satyn alyň“ diýýärler.


Ýagyş ýagyp, siller geldi, ýeller öwsüp, ol öýe urdy, emma öý ýykylmady, sebäbi ol gaýanyň üstünde gurlupdy.


Meniň bu sözlerimi eşidip, olary berjaý etmedik her bir kişi öýüni çägäniň üstünde guran akmak adam ýalydyr.


Isa bolsa: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler has hem bagtlydyr!» diýip jogap berdi.


Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.


Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň.


Men Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsine wepaly bolşum ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgime wepaly bolarsyňyz.


Eger buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň dostlarym bolarsyňyz.


Çünki Hudaýyň huzurynda Musanyň Kanunyny diňleýänler däl-de, ony berjaý edýänler aklanýandyr.


Eger Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän bolsak, onda Ony tanaýandygymyzy mälim edýäris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ