Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 7:21 - Mukaddes Kitap

21 Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb“ diýen her bir adam Gögüň Şalygyna girmez, diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý eden oňa girer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Маңа: „Я Реб! Я Реб“ диен хер бир адам Гөгүң Шалыгына гирмез, диңе гөкдәки Атамың ислегини берҗай эден оңа гирер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 7:21
49 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gökdäki Atamyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi.


Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr.


Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.


Ýene size şuny aýdýaryn: eger araňyzdan iki adam islendik zady dilemek üçin bir ylalaşyga gelse, gökdäki Atam dilegleri bitirer.


«Size dogrusyny aýdýaryn: eger siz ýoluňyzdan dönüp, çagalar ýaly bolmasaňyz, Gögüň Şalygyna asla girip bilmersiňiz.


Eger her biriňiz öz doganyny ýürekden bagyşlamasa, gökdäki Atam-da size şeýle eder».


Men size ýene-de şuny aýdýaryn, bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi.


Olar ýag satyn almaga giden wagty giýew gelýär. Taýýar duran gyzlar onuň bilen bile toýhana girenlerinden, gapy ýapylýar.


Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy hem sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyk bolanyň üçin, indi beýik işleri saňa ynanaryn. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“ diýýär.


Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.


Isa ikinji gezek gidip, dileg etdi: «Eý, Atam, Men içmesem, bu käsäniň geçmegi mümkin däl bolsa, onda Seniň islegiň bolsun!»


Hudaýyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi.


Eger gözüň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar. Saňa ýeke gözli bolup Hudaýyň Şalygyna girmek, iki gözli bolup dowzaha zyňylmakdan gowudyr.


Isa bolsa: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler has hem bagtlydyr!» diýip jogap berdi.


Öý eýesi turup, gapyny gulplanda, siz daşarda galyp, gapyny kakarsyňyz we: „Aga, bize gapyny açaý-da!“ diýip ýalbararsyňyz. Ol hem size: „Men sizi tanamok, nireden geleniňizi-de bilemok“ diýip jogap berer.


Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi.


Näme üçin Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb!“ diýip-de, aýdanlarymy etmeýärsiňiz?


Meni çyndan tanasaňyz, Atamy-da tanarsyňyz. Indi Ony tanaýarsyňyz, Ony gördüňiz» diýdi.


Meni ýigrenýän Meniň Atamy-da ýigrenýändir.


Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, suwdan we Mukaddes Ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyna girip bilmez.


Emma Isa olara: «Meniň Atam şu güne çenli Öz işini edip gelýär, Men hem Öz işimi edýärin» diýip jogap berdi.


Ogly gören we Oňa iman eden her bir adamyň baky ýaşaýşa gowuşmagy Atamyň yradasydyr. Men-de bu adamlary ahyrky gün gaýtadan direlderin».


Hudaýyň yradasyny berjaý etmek isleýän adam Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyna ýa-da Özümdendigine göz ýetirer.


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


Bu dünýäniň ýörelgelerine uýgunlaşjak bolmaň. Tersine, pikirleriňizi täzeläp, özgeriň. Şeýtseňiz, Hudaýyň islegine düşünmegi, ýagny Ony nämäniň hoşal edýändigini, nämäniň oňat we kämildigini bilmegi başararsyňyz.


Çünki Hudaýyň huzurynda Musanyň Kanunyny diňleýänler däl-de, ony berjaý edýänler aklanýandyr.


Muny diňe olaryň öňünde merhemet gazanmak üçin däl-de, eýsem Mesihiň guly hökmünde Hudaýyň yradasyny ak ýürekden ýerine ýetirmek üçin ediň.


Öz şäheriňizden bolan, Isa Mesihiň guly Epafra hem size salam ýollaýar. Hudaýyň her bir islegini doly bilmegiňiz we imanda berk durup, kämil bolmagyňyz üçin, Epafra yhlas bilen hemişe Rebbe dileg edýär.


Hudaýyň islegi şulardyr: mukaddes boluň, zyna etmäň;


Her ýagdaýa şükür ediň. Hawa, Isa Mesihe degişli bolan siz babatda Hudaýyň islegi şulardyr.


Olar Hudaýy tanaýarys diýseler-de, edýän işlerinde Ony ret edýändirler. Olar nejis, boýunegmezek bolup, ýagşylyk etmäniň nämedigini-de bilmeýärler.


Şonda-da käbir adamlar üçin ol ýere girmäge henizem mümkinçilik bardyr, bu mekan hakda ilkinji eşidenler Hudaýa boýun egmändikleri sebäpli, oňa girmekden mahrum boldular


Hudaýyň sözüni ýöne bir diňläp goýman, eýsem, onda aýdylanlary ýerine ýetiriň, ýogsam siz özüňizi aldaýansyňyz.


Sebäbi Hudaýyň islegi siziň ýagşylyk edip, akylsyz nadanlaryň agzyny ýumdurmagyňyzdyr.


Indi bu bedendäki galan ýaşajak ömrüňizde ynsanyň islegine däl-de, Hudaýyň islegine eýeriň.


Öz lybaslaryny ýuwýanlar bagtlydyr! Olaryň ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge, şäher derwezesinden girmäge haklary bardyr.


Ýamanlykdan üstün gelen hem ak lybasa beslener. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin, Atamyň we Onuň perişdeleriniň huzurynda adynyň bu kitapda ýazylandygyny tassyklaryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ