Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».
Bu höküm gözegçileriň karary bilen çykdy. Bu çözgüt perişdeleriň buýrugy bilen berildi. Ähli janly-jandarlar şuny bilsin: ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaý höküm sürýär. Ol patyşalygy Öz islän adamyna berýär. Ynsanyň iň pesini onuň üstünden goýýar“.
Bu adamlar siziň üçin gorkunçdyr, olar öz garynlaryny doýurmak üçin siziň bilen bir saçakda iýip-içýärler. Şemal bilen kowlan ýagmyrsyz bulutlar kimin, möwsüminde miwe bermeýän daragtlar kimindirler. Olar düýbünden goparylyp taşlanandyrlar, bütinleý ölüdirler.