16 Siz olary miwelerinden tanarsyňyz. Tikenden üzüm ýa-da ýandakdan injir ýygylýarmy?
16 Сиз олары мивелеринден танарсыңыз. Тикенден үзүм я-да яндакдан инҗир йыгылярмы?
Hatda çaga hem eden işiniň päkdigini ýa dogrudygyny öz hereketi bilen aýan edýär.
Oňat agaç ekiň, onuň miwesi-de oňat bolar, erbet agaç ekseňiz, erbet miwe alarsyňyz, sebäbi agaç miwesinden tanalýandyr.
Şeýlelik bilen, galp pygamberleri miwelerinden tanarsyňyz.
Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,
Käbiriniň: «Seniň imanyň bar, meniň bolsa oňat işlerim» diýmegi mümkin. Emma men aýdýaryn, hany, oňat işler etmezden maňa imanyňy görkez, men hem saňa imanymy oňat işlerim arkaly görkezeýin!
Doganlarym, injir agajy zeýtun ýa-da üzüm agajy injir miwesini berermi? Ýok! Edil şonuň ýaly, şor suwly gözbaşdan süýji suw akmaz!
Ikimize, goý, Reb kazylyk etsin. Meniň arymy senden, goý, Reb alsyn. Köneleriň „Ýamanlyk ýamandan çykar“ diýişleri ýaly, men saňa garşy el götermerin.