Ol ýerde şaýol bolar, oňa Mukaddes Ýol diýler; haram adam ondan geçmez, ol diňe şol Ýola golaý ýaşaýanlaryňky bolar, hatda akmaklar-da ol ýoldan azaşmaz.
Reb şeýle diýýär: «Ýoluň çatrygynda durup serediň, owalky ýodalar hakda sorap, ýagşy ýoluň nirededigini öwreniň; ondan ýöräň, janyňyz rahatlyk tapar. Emma olar: „Ol ýoldan ýöremeris“ diýdiler.
Isa şägirtleri bilen birlikde mähelläni-de ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp yzyma düşsün.
Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.
Bu dünýäniň ýörelgelerine uýgunlaşjak bolmaň. Tersine, pikirleriňizi täzeläp, özgeriň. Şeýtseňiz, Hudaýyň islegine düşünmegi, ýagny Ony nämäniň hoşal edýändigini, nämäniň oňat we kämildigini bilmegi başararsyňyz.