Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 7:11 - Mukaddes Kitap

11 Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Шейлеликде, сиз эрбет болубам өз чагаларыңыза оңат пешгешлер бермеги билйән болсаңыз, онда гөкдәки Атаңыз Өзүнден дилейәнлере хас-да көп аҗайып пешгешлер бермезми?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 7:11
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny gördi.


Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin.


Ýa Hökmürowan Reb, bu zatlary hem az görýän ýaly, Sen Öz guluň nesliniň geljegi hakynda hem söz berdiň. Ýa Hökmürowan Reb, Sen ynsanlar bilen adatça şeýle iş salyşýaňmy?!


Etmişi suw kimin içýän, ýigrenji, bozuk ynsana Hudaý neneň ynam etsin.


Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.


Ýa Taňry, meniň Hudaýym, tutuş kalbym bilen Saňa şükür edýärin, Seniň adyňy elmydama taryp ederin.


Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.


Emdirýän ene balasyny unudyp bilermi? Özünden önen çaga rehim etmezmi? Hatda ene öz balasyny unutsa-da, Men seni unutmaryn.


Rebbiň eden ähli işlerine görä Onuň ýagşylygyny, alkyşlaryny, rehimlerine görä, Ysraýyl nesline görkezen beýik merhemetini, uly ýagşylygyny agzaýyn.


Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr. Oňa kim düşünip biler?


Reb şuny aýdýandyr: „Meniň ysraýyl bilen ýahuda halky hakynda beren merhemetli sözümi ýerine ýetirjek günlerim geler.


Eý, Ysraýyl, Beýik Hudaýyňa dolan. Sen etmişleriň sebäpli büdrediň.


Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.


Eý, Meniň adymy kemsidýän ruhanylar, Hökmürowan Reb size şeýle diýýär: «Ogul atasyny, gul hojaýynyny sylaýar. Eger Men ata bolsam, hany Maňa sylag-hormatyňyz? Eger Men hojaýyn bolsam, hany siziň Menden gorkyňyz? Gaýtam siz: „Biz nädip Seniň adyňy kemsitdik?“ diýýärsiňiz.


Ýer ýüzünde hiç kime „ata“ diýmäň, sebäbi siziň bir Ataňyz bardyr, Ol hem gökdedir.


Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.


Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir.


Onda näme, biz ýahudylar beýleki milletlerden artykmy? Asla artyk däldiris! Ýahudylaryň-da, başga milletleriň-de günäniň tussaglygyndadygy barada öň aýdypdyk ahyryn.


Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!


Emma Mukaddes Ýazgylaryň yglan etmegine görä, biziň ählimiz günäniň tussaglarydyrys. Hudaý bolsa bize wada beren peşgeşini Isa Mesihe iman edýänimiz üçin berýär.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Atamyz Hudaýyň bizi nähili güýçli söýýändigini bir görseňizläň! Ol bizi Öz perzentleri diýip atlandyrýar. Dogrudan-da, biz Onuň perzentleridiris! Dünýä Hudaýy tanamansoň, bizi-de tanamaýar.


Biz Hudaýy däl-de, ilki Hudaý bizi söýdi. Ol biziň günälerimizi päklemek üçin, Öz Ogluny gurbanlyk hökmünde iberdi. Ine, hakyky söýgi şudur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ