Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 6:6 - Mukaddes Kitap

6 Emma siz doga-dileg edeniňizde, otagyňyza girip, gapyny ýapyň-da, görünmeýän Ataňyza gizlinlikde ediň. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Эмма сиз дога-дилег эдениңизде, отагыңыза гирип, гапыны япың-да, гөрүнмейән Атаңыза гизлинликде эдиң. Гизлинликде эдилени гөрйән Атаңыз сизиң сылагыңызы берер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 6:6
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, ol içeri girip, gapyny ýapdy-da, Rebbiň adyna dileg etdi.


Olar bolsa büdränime şatlanyp, ýygnanardylar; myjabatçylar maňa garşy toplanardylar; agsan bolup, meni ýaňsylardylar; meni dyngysyz parçalardylar.


Şonda onuň başyna köz goýarsyň, Reb seni sylaglar.


Geliň, eý, halkym, otaglaryňyza giriň-de, içinden ýapyň gapylary! Gazap geçýänçä, az salym gizleniň.


Olar çagyrmanka, Men jogap bererin, gepläp durkalar, Men eşiderin.


Halky ugradanyndan soň, Hudaýa doga etmek üçin bir Özi daga çykdy. Agşam hem Ol şol ýerde ýekedi.


Şonda siziň agyz bekleýändigiňiz adamlara däl-de, diňe ýaşyryn Ataňyza görner. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.


Şunlukda, berýän sadakaňyz gizlin bolsun. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.


Natanaýel Ondan: «Sen meni nireden tanaýarsyň?» diýip sorady. Isa oňa: «Filip seni heniz çagyrmanka, Men seni injir agajynyň aşagynda gördüm» diýip jogap berdi.


Isa oňa: «Maňa golaýlaşma, sebäbi Men entek Atamyň ýanyna çykamok. Sen doganlarymyň ýanyna gidip, olara Meniň göge, Atamyň – Hudaýymyň ýanyna barýanymy aýt. Ol siziň-de Ataňyzdyr we Hudaýyňyzdyr» diýdi.


Korneliý şeýle jogap berdi: «Üç gün mundan ozal şu wagtlar agzym beklidi. Öýlän sagat üçlerde öýümde Hudaýa doga-dileg edýärdim. Ine, birdenkä garşymda lowurdaýan eşikde bir adam peýda boldy. Ol maňa:


Ertesi gün olar ýol ýöräp, şähere golaýlanlarynda, günortan on iki töweregi Petrus Hudaýa doga etmek üçin üçege çykypdy.


Petrus hemmäni daşary çykardy we dyza çöküp, Hudaýa doga etdi. Soňra ol jesede tarap öwrülip: «Tawita, tur!» diýdi. Aýal gözlerini açdy, Petrusy görüp, dik oturdy.


Çünki ynsan höweslerine görä ýaşaýanlar bu höwesleriň oňlaýan zatlary barada pikir edýärler. Mukaddes Ruha görä ýaşaýanlar bolsa Onuň oňlaýan zatlary barada pikir edýändir.


Şeýlelikde, ýerde we gökde her bir millete at beren Atamyzyň huzurynda men dyza çökýärin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ