Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 6:5 - Mukaddes Kitap

5 Doga-dileg edeniňizde, ikiýüzlüler ýaly bolmaň. Olar göz üçin sinagogalarda, köçeleriň burçlarynda durup, doga okamagy halaýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Дога-дилег эдениңизде, икийүзлүлер ялы болмаң. Олар гөз үчин синагогаларда, көчелериң бурчларында дуруп, дога окамагы халаярлар. Сизе догрусыны айдярын, олар эййәм өз сылагыны аландырлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 6:5
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Reb, diňle meniň sözümi hem-de eşit meniň ahy-zarymy.


Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.


Ähli tekepbir Rebbe ýigrenjidir. Hatyrjem bol, olar jezasyz galmaz.


Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr.


Onsoň Meni çagyrarsyňyz, gelip, Maňa doga okarsyňyz, Men-de sizi eşiderin.


Permana gol çekilenini bilenden soň, Danyýel öýüne gaýtdy. Onuň ýokarky otagynyň penjireleri Iýerusalime tarap bakýardy. Danyýel öňki edişi ýaly, dyzyna çöküp, günde üç gezek öz Hudaýyna dileg edýärdi we Onuň öňünde şükür edýärdi.


Imanyňyz bar bolsa, doga-dileg edeniňizde, näme dileseňiz, alarsyňyz» diýip jogap berdi.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.


Olar ähli edýän zatlaryny göz üçin edýändirler. Töwrat aýatlar gutujygyny giňeldip, donlarynyň gotazlaryny uzaldýandyrlar.


Toýlarda töri, sinagogalarda baş kürsüleri,


«Habardar boluň, sogap işleriňizi adamlara görünmek üçin hemmeleriň gözüniň alnynda etmäň. Beýle etseňiz, gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz.


Agyz bekläniňizde ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Şonuň üçin hem mätäje sadaka bereniňizde, öňüňizde surnaý çaldyryp, muny uly ile jar etmäň. Adamlaryň öwgüsini gazanjak bolup, ikiýüzlüler sinagogalarda, köçelerde şeýle edýärler. Size dogrusyny aýdýaryn: olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Şonuň üçin hem hasylyny ýygmaga işgär iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň» diýdi.


Hudaýa doga okamaga duran mahalyňyz birinden öýke-kinäňiz bar bolsa, ony bagyşlaň, şonda gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar».


Isa halka şeýle öwüt berdi: «Töwrat mugallymlardan ägä boluň! Olar uzyn don geýip gezmegi, bazarlarda özlerine salam berilmegini,


Waý halyňyza, eý, fariseýler! Siz sinagogalarda baş kürsüleri, bazarlarda özüňize salam berilmegini halaýarsyňyz.


Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi:


Salgytçy bolsa uzakda durup, gabagyny göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, gaýtam gursagyna urup: „Hudaýym, Men günäkäre rehim et!“ diýýär.


Olar dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Şeýle adamlar iň agyr jeza sezewar bolarlar» diýdi.


Emma waý halyňyza, eý, baýlar! Çünki siz eýýäm teselliňizi alansyňyz.


Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemediňiz. Diläň, alarsyňyz, şatlygyňyz dolup-daşar.


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Emma Hudaý bize has beýik merhemet berýär. Şoňa görä Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ