Amazýa Hudaýyň adamyna: «Ysraýyl goşunyna beren ýüz ýetmiş batman kümşüm bilen näme etmeli?» diýdi. Hudaýyň adamy: «Reb saňa ondan hem artyk berip biler» diýip jogap berdi.
Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, beden egin-eşikden gymmatly dälmidir?