Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 6:25 - Mukaddes Kitap

25 Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, beden egin-eşikden gymmatly dälmidir?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Шоңа гөрә сизе диййәрин: нәме ийип-ичерин дийип җаныңызы, нәме геерин дийип бедениңизи гайгы этмәң. Җан иймитден, беден эгин-эшикден гымматлы дәлмидир?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 6:25
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Neçün sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn».


Ýöne olar sizi eltip tabşyranlarynda, siz näme ýa-da nädip aýtjakdygyňyzy gaýgy etmäň. Size näme aýtmalydygyňyz şol wagtyň özünde berler.


Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar.


Şonuň üçin näme iýip-içeris, näme geýeris diýip alada etmäň.


Şonuň üçin ertiri gaýgy etmäň, ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günüň derdi özüne ýeterlikdir».


Sizi tussag edip, kazyýete tabşyranlarynda, näme diýjegiňizi öňünden gaýgy etmäň, şol pursatda size näme berilse, şony gepläň. Çünki gepleýän siz däl-de, Mukaddes Ruhdur.


emma dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi we başga meýiller ara girip, sözi bogýar, şonuň üçin söz hasyl bermeýär.


Sizi sinagogalara, ýolbaşçylaryň, hökümdarlaryň huzuryna getirenlerinde, özüňizi nähili gorajakdygyňyzy we näme diýjekdigiňizi gaýgy etmäň.


Tikenekligiň arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänlerdir, emma durmuşyň aladalary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bermeýärler.


Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!


Men siziň hysyrdyly aladalardan azat bolmagyňyzy isleýärin. Öýlenmedik kişi Rebbiň göwnünden turjak bolup, Rebbiň işlerini alada edýändir.


Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.


Harby gullukdaky esger gündelik durmuşa degişli işlere ulaşýan däldir. Ol öz serkerdesiniň göwnünden turmak isleýändir.


Ähli gaýgy-aladaňyzy Hudaýa tabşyryň, sebäbi Ol siziň gamhoruňyzdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ