21 Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.
21 Хазынаңыз ниреде болса, йүрегиңиз хем шол ерде болар.
Bar güýjüň bilen ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy ýürekden gaýdýar.
Ol seniň döwürleriň berk binýadydyr, bol danalyk hem bilim bolar; Ol yzygiderli halas eder. Rebden gorkmak halkynyň hazynasydyr.
Emma seniň gözüň we ýüregiň haram gazanja, bigünä gan dökmäge, zulum hem zorluk etmäge dikilipdir.
Ýüregiňi tämizläp päkle pislikden, eý, Iýerusalim, halas bolarsyň şonda. Erbet niýetleriňi ýene näçe wagt saklajak içiňde?
Eý, alahöwrenler nesli! Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir. Şeýlelikde, özüňiz erbetkäňiz, nädip siz oňat zatlar sözläp bilersiňiz?
Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sagdyn bolsa, tutuş bedeniň hem ýagty bolar.
Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.
Bu işde seniň ne paýyň, ne-de hakyň bar, sebäbi seniň ýüregiňe düwen niýetiň Hudaýyň nazarynda dogry däl.
Biz nazarymyzy görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara dikýäris. Sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr.
Men, Pawlus, muny öz elim bilen ýazýaryn: men Onesimiň bergisini bererin. Ýöne sen hem halas bolmagyňa meniň ýardam berendigimi unutma!
Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun!
Eziz doganlar, habardar boluň! Siziň hiç biriňizde ýaman niýetli, imansyz ýürek bolmasyn, bular sizi diri Hudaýdan daşlaşdyrmasyn.