Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 6:20 - Mukaddes Kitap

20 Muňa derek özüňize gökde hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Муңа дерек өзүңизе гөкде хазына йыгнаң, ол ерде не гүе, не пос иййәндир, не-де огрулар гирип огурлаяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 6:20
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol seniň döwürleriň berk binýadydyr, bol danalyk hem bilim bolar; Ol yzygiderli halas eder. Rebden gorkmak halkynyň hazynasydyr.


Isa oňa: «Müýnsüz bolaýyn diýseň, git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.


Bu dünýäde özüňize hazyna ýygnamaň, bu ýerde ony güýe bilen pos iýýändir, munda ogrular girip ogurlaýandyr.


Isa oňa söýgüden doly mähir bilen seredip: «Seniň ýekeje kemiň bar. Git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.


Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


Şeýle hazyna olaryň gelejeginiň berk binýady bolup, hakyky ýaşaýşa ýetirer.


Tussagdakylaryň-da dertlerini deň çekişdiňiz, özüňizde has oňat hem baky baýlygyň bardygyny bilip, emlägiňiziň alynmagyny şatlyk bilen kabul etdiňiz.


Musa Mesihiň ugrunda kemsidilmelerini Müsüriň hazynalaryndan has uly baýlyk saýdy, sebäbi ol özüniň aljak beýik sylagyna umyt baglaýardy.


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


Şeýle hem size gökde saklanýan çüýremez, tegmiltsiz, solmaz miras berdi.


Şeýle etseňiz, Baş Çopan aýan bolanda, solmaz şöhrat täjini alarsyňyz.


„Men seniň muşakgatlaryňy we garyplygyňy bilýärin, aslynda welin sen baýsyň! Men özlerini ýahudy saýýanlaryň saňa dil ýetirýändiklerini hem bilýärin. Ýöne olar ýahudylar däl-de, şeýtanyň üýşmeleňidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ