Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 6:16 - Mukaddes Kitap

16 Agyz bekläniňizde ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Агыз бекләниңизде икийүзлүлер ялы йүзүңизи салламаң. Олар адамлара агыз беклейәндиклерини гөркезҗек болуп, өзлерине тимар бермейәрлер. Сизе догрусыны айдярын, олар эййәм өз сылагыны аландырлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 6:16
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut çaga üçin Hudaýa ýalbardy, agyz bekledi, otagyna girip, bütin gijeler ýanyny ýere berip ýatdy.


Adamlary oňa: «Çaga dirikä, agyz beklediň we agladyň. Ol ýogalandan soň bolsa, turup naharlandyň. Bu näme etdigiň boldy?» diýdiler.


Ahap bu sözleri eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, agyz bekläp, julda ýatyp, uly gama batdy.


Men bu zatlary eşidenimde, oturyp agladym we birnäçe günläp ýas tutdum. Agyz bekläp, gökdäki Hudaýdan dileg etdim.


«Bar, Suzadaky ähli ýahudylary ýygna, meniň üçin agyz bekläň, üç gije-gündizläp iýmäň, içmäň. Men we meniň kenizlerim-de siz ýaly agyz bekläris. Şondan soň kanundan çykýan hem bolsam, patyşanyň ýanyna giderin. Goý, ölsem öleýin».


Betkärler ol ýerde ýykyldylar, ýere ýazyldylar, galyp bilmeýärler.


Onsoň men ýüzümi Taňry Hudaýa tarap öwürdim. Agyz bekläp, jul geýnip, kül üstünde oturyp, dileg etdim, Ony agtaryp ýalbardym.


Siz, ine, şeýle diýdiňiz: «Hudaýa gulluk etmek bidereklikdir. Hökmürowan Rebbiň buýrugyny berjaý etmekden we Onuň öňünde ýas tutup gezmekden biz näme peýda görýäris?


«Habardar boluň, sogap işleriňizi adamlara görünmek üçin hemmeleriň gözüniň alnynda etmäň. Beýle etseňiz, gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz.


Şonuň üçin hem mätäje sadaka bereniňizde, öňüňizde surnaý çaldyryp, muny uly ile jar etmäň. Adamlaryň öwgüsini gazanjak bolup, ikiýüzlüler sinagogalarda, köçelerde şeýle edýärler. Size dogrusyny aýdýaryn: olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Doga-dileg edeniňizde, ikiýüzlüler ýaly bolmaň. Olar göz üçin sinagogalarda, köçeleriň burçlarynda durup, doga okamagy halaýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Ýahýanyň şägirtleri we fariseýler agyz bekleýärdiler. Käbir adamlar gelip, Isadan: «Näme üçin Ýahýanyň we fariseýleriň şägirtleri agyz bekelýärler-de, seniň şägirtleriň bolsa agyz beklänok?» diýip sorady.


Men hepdede iki gezek agyz bekleýärin, ähli gazanjymyň ondan birini berýärin“ diýip doga okaýar.


Korneliý şeýle jogap berdi: «Üç gün mundan ozal şu wagtlar agzym beklidi. Öýlän sagat üçlerde öýümde Hudaýa doga-dileg edýärdim. Ine, birdenkä garşymda lowurdaýan eşikde bir adam peýda boldy. Ol maňa:


Pawlus bilen Barnap her bir ýygnak üçin ýolbaşçylar bellediler. Soňra doga-dileg edip, agyz bekläp bu ýolbaşçylary özleriniň iman eden Rebbine tabşyrdylar.


Diňe Hudaýa doga edýän wagtyňyz bolaýmasa, başga wagt biri-biriňizi är-aýallyk hukugyndan mahrum etmäň. Bu hem özara ylalaşyga görä diňe wagtlaýyn bolsun. Soňra gaýtadan birigiň. Ýogsa özüňize erk edip bilmeýänligiňizden peýdalanyp, şeýtan sizi azdyraýmasyn.


Men agyr zähmet çekdim, gara işde işledim, ençeme gijäni ukusyz geçirdim; aç-suwsuzlygyň nämedigini bilýärin; açlykda gezdim, sowukda ýarym-ýalaňaç galdym.


urlup-ýenjilmelere, tussag edilmelere, pitnelere, agyr zähmete, ukusyz gijelere, aç-suwsuzlyga sabyr-takatlyk bilen çydaýarys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ