Beýiklik, güýç-gudrat, şöhrat, ýeňiş hem belentlik Seniňkidir, gökdäki hem ýerdäki zatlaryň hemmesi Seniňkidir; patyşalyk hem Seniňkidir, ýa Reb! Sen ählisinden belentsiň.
Ýagbes: «Meni ýalkasadyň, meniň çäklerimi giňeltsediň, meniň bilen bolup, meni azapdan we ýamanlykdan gorasadyň» diýip, Ysraýylyň Hudaýyna dileg etdi. Hudaý onuň islegini ýerine ýetirdi.
Galplygy, ýalan sözlüligi menden daş et, meni garyp hem, baý hem etme. Dok bolup: «Rebbim kim?» diýip, Seni inkär etmezim ýaly, garyplykda ogurlyk edip, Hudaýymyň adyna ysnat getirmezim ýaly, ýeterlik paýymy ber meniň.
Ýermeýa pygamber şeýle diýdi: «Omyn! Aýdanyň gelsin! Goý, Reb Öz ybadathanasynyň gap-gaçlaryny we sürgüne gidenleriň baryny Babyldan bu ýere yzyna getirip, seniň pygamberlik edip aýdan sözleriňi amala aşyrsyn!
Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-da başyndan inýändir. Emma Hudaý sadykdyr! Ol siziň güýjüňiziň çatmajak synagyny bermez. Siz synaga düşeniňizde, Hudaý çykalga-da açar, synagdan üstün gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer.
Eger sen Hudaýy öz kalbyňda şöhratlandyrsaň, seniň aýdýan zatlaryňa düşünmeýän adam şükürleriňe nädip «omyn» diýsin? Ol seniň aýdýanlaryňa düşünmeýär ahyryn.
Sizi Özüne boýun egdirmek üçin synaga salyp, iň soňunda size ýagşylyk etmek üçin, çölde ata-babalaryňyzyň görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi diňe Ol naharlady.
Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy.
Görşüňiz ýaly, Reb hudaýhon adamlary synagdan nähili halas etmelidigini, ýamanlyk edýänleri bolsa höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny bilýändir.
Soňra men gökde uly mähelläniň sesine meňzeş batly sesler eşitdim. Olar: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Hudaý biziň Halasgärimizdir, şöhrat we gudrat Onuňkydyr.
Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.
Sen buýruklarymy berjaý edip, imanda berk durduň. Şoňa görä-de, ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny synamak üçin bütin dünýäniň üstünden injek synag pursadynda seni goraryn.
Onsoň gökdäki, ýer ýüzündäki, ýer astyndaky we deňizdäki her bir mahlugyň, älemdäki bar zadyň: «Tagtda Oturana we Guza baky öwgüler bolsun! Hormat, şöhrat we gudrat Olara baky ýar bolsun!» diýýänlerini eşitdim.