Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň Ysraýylyň ýalbaryşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.
şonda Sen gökde Öz mesgeniňde eşit-de, olary bagyşla we olara ýardam et. Her kese eden işine görä jogap ber, çünki her ynsanyň ýüregini diňe Sen bilýänsiň.
Saňa garşy günä eden halkyňy hem-de olaryň Saňa garşy eden ýazyklaryny bagyşla, ýesir alanlaryň olara rehimdarlyk ederleri ýaly, Sen Öz halkyňa duşmanlarynyň gözüniň öňünde rehimdarlyk et.
Müňlerçe nesillere sadyk söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň çagalarynyň çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin».
Reb şeýle diýýär: «Geliň, indi düşünişeliň, günäleriňiz gyrmyzy dek bolsa-da, olar gar kimin ak bolarlar, gyrmyzy dek gyzyl bolsalar-da, ak ýüň dek bolarlar.
Şonuň üçin hem, eý, doganlar, şuny bilip goýuň: biz size günäleriň Isa arkaly bagyşlanýandygyny yglan edýäris. Isa iman eden her bir adam Ol arkaly aklanýar. Bu Musanyň kanuny boýunça mümkin däldi.