Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Matta 6:1 - Mukaddes Kitap

1 «Habardar boluň, sogap işleriňizi adamlara görünmek üçin hemmeleriň gözüniň alnynda etmäň. Beýle etseňiz, gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 «Хабардар болуң, согап ишлериңизи адамлара гөрүнмек үчин хеммелериң гөзүниң алнында этмәң. Бейле этсеңиз, гөкдәки Атаңыздан сылаг алмарсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Matta 6:1
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehu oňa: «Meniň bilen git-de, Rebbe wepalydygymy gör» diýdi. Şeýdip, Ýehuwyň adamlary Ýehonadaby onuň söweş arabasyna mündürdiler.


Emma Ýehu Ysraýyl Hudaýy Rebbiň kanunlaryny bütin kalby bilen berjaý etmedi. Ol ysraýyl halkyna günä etdiren Ýarobgamyň günälerinden el çekmedi.


Önelgesiz aýalyň öýüni dikýär, ony çagalaryna guwandyryp, bagtyýar edýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun!


Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.


Patyşa: «Bu patyşa paýtagty bolsun diýip, şan-şöhratym üçin öz gudratly güýjüm bilen guran beýik Babylym dälmi?» diýdi.


Şol gün her bir pygamber pygamberlik edýän wagtynda görnen görnüşlerden utanar, adamlary aldamak üçin pygamberleriň ýüň donuny geýmez.


«Ýurduň ähli halkyna hem-de ruhanylaryna aýt: „Ýetmiş ýyllap bäşinji hem ýedinji aýlarda ýas tutup, agyz bekläniňizde, siz muny Meniň üçin edipmidiňiz?


Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.


Isa olara: «Hüşgär boluň, özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň» diýdi.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.


Olar ähli edýän zatlaryny göz üçin edýändirler. Töwrat aýatlar gutujygyny giňeldip, donlarynyň gotazlaryny uzaldýandyrlar.


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.


Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylag alarsyňyz? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi näme?


Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz hem kämil boluň».


Agyz bekläniňizde ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Şonuň üçin, şeýle doga-dileg ediň: „Eý, gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun!


Isa olara: «Hüşgär boluň! Fariseýler bilen Hirodyň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip, duýduryş berdi.


Şonuň üçin hem ägä bol, sendäki yşyk garaňky bolaýmasyn.


Şol wagt müňlerçe adam üýşüp, biri-birlerine gysylyşyp durdular. Isa ilki bilen Öz şägirtlerine gürrüň bermäge başlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň.


Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi.


Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zat Hudaýyň ýanynda ýigrenjidir.


Sebäbi olar ynsanlaryň öwgüsini Hudaýyň öwgüsinden gowy gördüler.


Siz biri-biriňizden öwgüler kabul edýärsiňiz, emma ýeke-täk Hudaýyň öwgüsini gazanmaga çalyşmaýarsyňyz. Onsoň nädip sizde iman bolsun?


Petrus muny görende, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky! Näme üçin muňa haýran galýarsyňyz? Näme üçin biz bu adamy öz gudratymyz ýa hudaýhonlygymyz bilen ýöreden ýaly, bize beýle dykgat bilen seredýärsiňiz?


Tende oňat görnesi gelýänler sizi sünnetlenmäge mejbur edýärler. Olar Mesihiň haçy sebäpli yzarlanmakdan gorkup şeýle edýärler.


Onuň girewini Gün batmanka yzyna eltip beriň, şonda ol öz donunda ýatar we size alkyş aýdar. Şeýle hem bu Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda saňa dogrulyk saýylar.


Musa Mesihiň ugrunda kemsidilmelerini Müsüriň hazynalaryndan has uly baýlyk saýdy, sebäbi ol özüniň aljak beýik sylagyna umyt baglaýardy.


Şonuň üçin imandan dänmez ýaly, eşidenlerimize has köp üns bermelidiris.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Şonuň üçin ägä boluň. Çeken zähmetiňizi ýele sowurman, onuň rähnetini doly görer ýaly, berk duruň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ