Dawut olaryň öňünden çykyp, şeýle diýdi: «Eger meniň ýanyma ýagşy niýet, kömek etmek maksady bilen gelen bolsaňyz, onda ornuňyz ýüregimiň töründe, ýöne zorluk etmedik halymda meni duşmanlaryma satmak üçin gelen bolsaňyz welin, muny ata-babalarymyzyň Hudaýy görüp, siziň jezaňyzy bersin».
Şonda siz gökdäki Ataňyzyň ogullarydygyňyzy subut edersiňiz. Gökdäki Ataňyz Öz güneşini ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogdurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar.
Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir.
Ertesi gün Musa iki ysraýylly adamyň dawalaşyp duranyny gördi we ýanlaryna baryp, olary ýaraşdyrmaga synanyşdy. Olara: „Eý, adamlar, siz dogan ahyry! Näme üçin biri-biriňize azar berýärsiňiz?“ diýdi.
Şunlukda, eý, doganlar, şatlanyň! Dogry ýola düşmegi niýet ediniň, aýdýanlaryma gulak asyň, bir pikirde boluň, parahat ýaşaň. Şonda söýgi we parahatlyk Hudaýy siziň hemraňyz bolar.