Gomer ýene-de göwreli bolup, gyz dogurdy. Reb Hoşeýa aýtdy: «Gyzyň adyna Loruhama dak, çünki mundan buýana Ysraýyl öýüne rehim edip günälerini geçmerin.
Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?
Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir.
Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.
Emma Isa Mesih maňa Öz çäksiz rehim-şepagatyny görkezdi. Hawa, Ol maňa rehim etdi we Özüne iman edip, baky ýaşaýşa gowuşjaklaryň ählisi üçin meni mysal hökmünde ulandy.
Emma gökden inen danalyk ilki bilen päklikdir, soňra parahatlyk söýüjilikdir, mylaýymlyk we özara ylalaşyklykdyr. Ol merhemetden we haýyrly işlerden doludyr. Şeýle danalyk tarapgöýlik we ikiýüzlülik etmeýär.